Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine
Ak şäherimiz Aşgabat dünýäniň iň gözel şäherleriniň hatarynda orun eýeledi. Aşyklaryň şäheri gözel Aşgabat Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň gözellige goýýan belent sarpasynyň, il-halkymyza çuňňur söýgüsiniň nyşanydyr.
Aşgabat – milli Liderimiziň paýhasy.
Aşgabat – eziz Watanymyzyň täji.
Aşgabat – mähriban halkymyzyň göz guwanjy.
Aşgabat – Orta Aziýanyň merjen şäheri.
Dünýäde parahatçylygyň, agzybirligiň, rowaçlygyň, bagtyň şäherine öwrülen paýtagtymyz häzirki wagtda ajaýyp köşklere, belent binalara, dürli ähmiýetli desgalara beslenip, inžener-tehniki pikiriň öňdebaryjy üstünliklerine we milli binagärlik däplerine eýedir. Baş şäherimizde biri-birinden üýtgeşik, çeperçiligi taýdan ussat nakgaşyň elinden çykan ajaýyp bir eser mysaly binalar, desgalar, köşki-eýwanlar özboluşly öwüşgini, täsin bir gözellik dünýäsini emele getirýär. Aýna ýaly tekiz hem nurana köçeler, daşky gözelligi bilen ganatlandyrýan, içki amatlyklary bilen rahatlandyrýan ýaşaýyş jaýlary, mekdepleriň we çagalar baglarynyň binalary, suwuň täsin simfoniýasyny döredýän ajaýyp suw çüwdürimleri, wagtyňy hoş geçirmek üçin amatly seýilgähler, serçemenli çar baglar… Bular binagärligiň türkmen nusgasynyň datly miweleridir. Gündizine Gün nuruna, gijesine Aý şuglasyna beslenen älemgoşar yşyklaryň nury ak mermerleriň gözelligine badaşyp, ak aýdym bolup ýüreklerde orun alýar. kalba joşgun, ruha ganat berýän şäherimiz ömrümize bezeg berýär. Paýtagtymyz okgunly ösýär, onuň çäkleri giňeldilýär, ilatynyň sany barha artýar. Aşgabadyň 140 ýyllygynyň baýram edilýän ýyly diňe şäheriň däl, tutuş türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen girer. Sebäbi şu ýyl şanly sene mynasybetli ajaýyp täzelikleriň birnäçesi durmuşa geçiriler.
140 ýaş ýubileý toýuny garşylamagyň bosagasynda duran ak şäherimiz, bu gün wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýär. Paýtagt şäherimiz diňe bir ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň öňbaşçysy bolmak bilen çäklenmän, bütin dünýäde gözelligiň gaýtalanmajak nusgasyna öwrüldi. Onuň gündizki hem gijeki görki adamlaryň kalplaryny heýjana getirýär.
Tumar SAPARMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň uly mugallymy.
Teswirler