Milli gurluşyk we binagärçilik pudagy — döwrebap ösüşiň aýdyň ýolunda

         Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň gurluşyk we binagärlik pudagy sanly usulda özgerýän häzirki zaman dünýäsiniň döwrebap ösüşi bilen deň gadam basyp,  global derejede ägirt uly ösüşleri başdan geçirýär. Paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynda  gurlup ulanylmaga berlen  16 sany köp gatly ýaşaýyş jaýyna  «Akylly öý» ulgamynyň ornaşdyrylmagynyň özi hem, ýurdumyzyň gurluşyk we binagärlik pudagynyň döwür bilen aýakdaş gidip, döwür bilen sazlaşykly özgerýändigini görkezýär. Ýakyn geljekde-de, paýtagtymyz Aşgabadyň demirgazygynda «Aşgabat siti» diýlip atlandyrylan «Akylly şäher» gurlar. Başgaça, «Şäher içinde şäher»” diýlip atlandyrylan bu «Akylly şäheriň»  taslamasynyň meýdany 744 gektara deň bolup, 200-den köp bina gurlar. «Aşgabat siti»  taslamasynyň çäginde ýurdumyzda ilkinji gezek 30 we 35 gatly ýaşaýyş jaýlary bina ediler. Bu ýaşaýyş jaýlarynyň her bir öýüniň durmuş düzümine degişli ähli düzümlerini sanly ulgam arkaly enjamladyrmaklyk meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda-da, paýtagtymyzyň 16-njy tapgyrynda gurlan köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň sanly ulgam arkaly enjamladyrylan öýlerinde ýaşaýan ildeşlerimiz sanly ulgamly öýüň çäksiz mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanýarlar. Bu ýaşaýyş jaýlarynyň ýaşaýjylary öýden iş ýa-da haýsydyr bir sebäp bilen daşary çykanlarynda, öýdäki gazy, togy ýa-da elektrik enjamlarynyň haýsy hem bolsa birini öçürmekligi ýadyndan çykaran bolsa, smartfon telefonlarynyň üsti öçürip bilýärler. Munuň özi bolsa, ýurdumyzyň gurluşyk we binagärlik pudagynyň häzirki zaman dünýäsiniň ösüşine laýyklykda döwrebäp özgerip, pajarlap ösýändiginiň aýdyň mysalydyr.

         Milli Liderimiziň taýsyz tagallarynyň netijesinde  ýurdumyzyň gurluşyk we binagärlik pudagynda amala aşyrylýan ägirt uly döwrebap özgertmeleriň netijesinde paýtagtymyz we welaýat merkezlerimiz gaýtalanmajak özboluşly bir milli binagärçilik keşbine eýe bolup, tanalmaz derejede düýpli özgerdi. Bu düýpli özgertmeleriň esasynda bolsa, obalarymyz şäherlerimiz bilen bäsdeşdi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gurlan häzirki zaman türkmen obalary bilen şäherlerimiziň arasyndaky aratapawut  aradan aýryldy. Munuň özi bolsa, biziň ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly döwlete  öwrülendiginiň özboluşly bir ykrarnamasydyr.

Baýmyrat ÝUSUPOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok