“Lukmançylyk we jemgyýetçilik işgärleriniň” ýyly

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda köpçülikleýin sporty ösdürmek, jemgyýetde, aýratyn hem ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, beden taýdan berk, sagdyn, ruhubelent ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek barada giň gerimli işler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Asylly däbe görä, her ýylyň aprel aýynda Türkmenistanda hem  Bütindünýä saglyk güni giňden bellenýär. Bu gün Bütindünýä saglyk guramasynyň tertipnamasy güýje girizildi.

Ol bar bolan döwründe dünýäniň 190 ýurdy, şol sanda biziň ýurdumyzy hem agza boldy. Bu ýurtlaryň hökümetleri tarapyndan gol çekilen Tertipnama ilkinji gezek halkara derejesinde adamyň saglygy bolan hukugyny yglan etdi. Hökümetleriň öz halkynyň saglygy üçin jogapkärçilik ýörelgesini tassyklady we ylmyň, halkara howpsuzlygyň güýçlendirmegi bilen saglygyň aýrylmaz baglanyşyklydygyny görkezdiler.

Bütindünýä saglyk güni baradaky pikir 1948-nji ýylda Bütindünýä saglyk ýygnagynyň birinji mejlisinde öňe sürüldi. Emma 1948-nji ýylda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň konstitusiýasynyň tassyklanan güni 22-nji iýulda bellenildi.  Saglyk gününi her ýyl bellemek 1950-nji ýyldan bäri däbe öwrüldi. Bu baýramçylyk dünýädäki adamlar saglygyň durmuşynda nämäni aňladýandygyny düşünip, saglyklaryny gowulaşdyrmak üçin näme etmelidigini çözüp biler ýaly derejede geçirilýär. Bütindünýä saglyk güni planetanyň ilatynyň saglygy bilen baglanyşykly iň möhüm meselelere bagyşlanýar we dürli şygarlar astynda geçirilýär.

2021-nji ýyl üçin şygary has adalatly, sagdyn dünýä gurmakdyr. 2021-nji ýyl hem “Lukmançylyk we jemgyýetçilik işgärleriniň” ýyly diýlip yglan edildi. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan bu karar bilen COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşde özlerini bagyş edenlere hormat goýmaga çagyrýar.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Il-halkynyň eşretli ýaşaýşy,saglygy, dünýä halklarynyň parahatçylygy, abadançylygy ugrunda ägirt uly tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, asylly başlangyçlary mundan beýläk-de hemişe rowaçlyklara beslensin.

Maglumatlary toplan:
Möwlam HAÝTGULYÝEW.
 Türk­me­nis­ta­nyň­ In­že­ner-teh­ni­ki­ we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok