Sanly ykdysadyýete geçilýän häzirki zaman dünýäsiniň döwrebap ösüşi bilen aýakdaş gidip, global özgeriş bilen deň gadam basýan döwletimizde hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda tassyklanylan «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» ähmiýeti diýseň uludyr. Çünki, häzirki zaman dünýäsiniň ösen sanly tehnologiýalaryna diňe halkara daşary ýurt dillerini suwara bilýän hünärmenler erk edip bilýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, döwrüň döwrebap global ösüşinden baş çykarýan, ussat hünärmenleri kemala getirmeklik üçin, şu günki ýaşlara, hünärmenlere halkara daşary ýurt dillerini suwara öwretmekligiň usulyýetini kämilleşdirmeklik ilkinji zerurlyk bolup durýar. Bu babatda, milli Liderimiziň öňdengörüjilikli, oýlanyşykly parasatly syýasaty netijesinde kabul edilen «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy üç tapgyrda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu Konsepsiýanyň 2018-nji ýylda durmuşa geçirilen birinji tapgyryna laýyklykda, usulýet üpjünçiligi babatda dünýä tejribesi özleşdirildi, bilimiň ähli tapgyrlarynda döwlet ölçegleri, okatmaklygyň maksatnamalary we okuw meýilnamalary kämilleşdirildi. Ikinji tapgyrda, 2019-2020-nji ýyllarda mugallymlary taýýarlamaklyk we olaryň hünärini ýokarlandyrmaklyk ulgamy, okuw-usulýet binýady kämilleşdirildi.
«Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» we ony durmuşa geçirmeklik boýunça çäreleriň meýilnamasynyň ikinji tapgyryny iş ýüzünde amal etmekligiň çäklerinde ýurdumyzyň bilim işgärleriniň geçen ýylyň awgust aýyndaky usuly-amaly okuwlaryna jemi 12 sany tema hödürlenildi.
«Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» we ony durmuşa geçirmeklik boýunça çäreleriň meýilnamasyny iş ýüzünde amal etmekligiň jemleýji tapgyrynda — üçünji tapgyrynda, 2021-2024-nji ýyllarda Türkmenistanda daşary ýurt dillerini öwretmegiň üznüksiz, yzygiderli we özara baglanşykly ulgamy dörediler.
Oguljennet BEGLIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy
Teswirler