«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde sanly bilim ulgamy tapgyrlaýyn ornaşdyrylýar. Iki tapgyrda durmuşa geçirmeklik meýilleşdirilen bu Konsepsiýanyň birinji tapgyryny iş ýüzünde amal etmekligiň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde «Sanly bilim ulgamy» portaly döredildi. Bu portal biz talyp ýaşlaryň okuwda öwrenýän hünär bilimlerini has içgin öwrenmekleri üçin örän amatly şertleri döredýär. Mysal üçin, öňler talyplar öz saýlap alan hünärleri boýunça özlerinde gaty uly täsir galdyran mowzugy has içgin öwrenip, gazet-žurnallara ylmy makala ýa-da ýurdumyzyň ýokary mekdepleriniň arasynda geçirilýän ylmy-amaly maslahatlarda çykyş eder ýaly nutuk ýazjak bolsalar, okuwdan soň, öz okaýan bilim ojagynyň kitaphanasyna ýa-da Merkezi Döwlet kitaphanasyna gidip, özlerine gerekli kitaplary okamaly bolýardylar. Indi bolsa, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde «Sanly bilim ulgamy» portalynyň döredilmegi bilen, ondaky «Elektron kitaphana» bölümi arkaly talyplar özlerine gerekli islendik kitaby saýlap alyp, okap bilýärler. Munuň özi, talyplara diýseň uly ýeňillikdir. Sebäbi, indi talyplaryň: «Okuwdan soň, kitaphana ýapylmanka kitaphana ýetişeýin» diýen aladasy aradan aýryldy. Häzirki wagtda talyplar, okuwdan soň umumy ýaşaýyş jaýyna gelip, biraz dynç alyp, demini dürsänlerinden soň, öz maýlaryna görä, akylly telefonyň ýa-da kompýuteriň üsti bilen «Sanly bilim ulgamy» portalynyň «Elektron kitaphana» bölümine girip, özlerine zerur bolan kitaplardan peýdalanyp bilýärler. «Elektron kitaphanada» bolmadyk seýrek kitaplary bolsa, dynç güni TYA-nyň Ylmy kitaphanasyna ýa-da Merkezi Döwlet kitaphanasyna gidip okaýarlar.
«Sanly bilim ulgamy» portalynyň «Okuw» bölüminiň bolsa talyplar üçin ähmiýeti biçak uludyr. Çünki, bu bölümde dürli ugurlardan hünär bilimini alýan talyplaryň okuwda öwrenýän mowzuklary boýunça professor mugallymlaryň taýýarlan wideorolikleri ýerleşdirilendir. Talyplar özleriniň okuwda öwrenen mowzuklaryna degişli wideorolikleri «Sanly bilim ulgamy» portalynyň «Okuw» bölüminden gaýtda-gaýta görüp, diňläp, öz saýlan hünär bilimlerini has içgin özleşdirýärler. Diýmek, «Sanly bilim ulgamy» portalynyň «Okuw» bölümindäki wideorolikler ýokary okuw mekdebinde geçilen mowzuklaryň talyplaryň aňynda berkemegi üçin, diýseň ähmiýetlidir.
«Sanly bilim ulgamy» portalynyň «Uzak aralykdan bilim almak» bölümi bolsa, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen döwletimiziň bilim ulgamy babatda hyzmatdaşlygy ýola goýan daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň, ylym-bilim merkezleriniň arasynda uzak aralykdan sapaklary, wideoşekilli maslahatlary yzygiderli geçirmäge mümkinçilik berýär.
Sanly bilim ulgamynda döredilýän çäksiz mümkinçilikler we ýeňillikler ýaşlarda argynlygyň peýda bolmagyna, beýnide ýadawlygyň emele gelmegine hiç hili ýol bermeýär. Diýmek, sanly bilim ulgamy – ýaşlarda sagdyn aňyýeti kemala getirmekligiň iň kämil, döwrebap usulydyr.
Atageldi GARAJAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler