“PHP Laravel Development” atly online okuw sapagy geçirildi

Aşgabatda ýerleşýän Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde 31-nji martda, uniwersitetimiziň talyplary üçin “PHP Laravel Development” atly okuw seminary geçirildi. Okuw seminary uniwersitetimiziň Inženerleriň gurnagy tarapyndan guralyp, oňa uniwersitetimiziň 20-dan gowrak talyby gatnaşdy.

“PHP Laravel Development” atly online okuw sapagyny Hytaý Halk Respublikasynyň Elektronika Ylmy we Tehnologiýasy uniwersitetiniň “Kompýuter ylymlary” hünäri boýunça magistranty alyp bardy.

Okuw sapagyň dowamynda web programmirlemekde ulanylýan PHP skript diliniň frameworklary, diliň frameworklarynyň ulanylmagynyň sebäpleri, Laravel frameworkyň nämedigi, ulanylmagynyň sebäpleri we onuň aýratynlyklary barada aýdyldy. Şeýle-de, Laravel-iň faýl gurluşlary bolan php artisan,  Routing, Middleware, Blade, Eloquent & Database we Database architecture gurluşlary barada düşünje berildi.

Jahangir Aşirbaýew,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň  

Inženerleriň gurnagynyň jogapkär mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok