Näme üçin ulaglaryň tekerleri gara reňkde?

Ýollarda görýän her bir awtoulaglarymyzyň elmydama birmeňzeş reňkli tekeriniň bardygyny pikir edip gördüňizmi? Bu makalada ulag tekerleriniň näme sebäpden şol bir gara reňkdeligini öwreneris!

Iň esasy zat, ulaglardaky tekerleriň gara bolmagynyň sebäbi, teker öndürmekde ulanylýan materiallar bolup durýar. Onda, tekere gara reňki berýän materiallar haýsylar?

Tekerleri ýasamakda esasy iki sany çig mal bar. Bular agaçdan alynýan tebigy kauçuk, beýlekisi bolsa nebitden alynýan emeli kauçukdyr. Öndüriljek tekeriň ulanylyş meýdanyna görä kauçuk degişli mukdarda goşulýar. Tekerdäki kauçugyň umumy mukdary 60%-80%-e çenli üýtgeýär. Kauçuk tigiriň çeýeligini berýär we sürtülme koeffisiýentini ýokarlandyrýar.

Ulaglaryň birnäçe sagatlap syýahat etmegine mümkinçilik berýän bu tekerler, gara reňkde bolmasa, beýle çydamly we howpsuz bolup bilmezdi. Häzirki wagtda reňkli tekerler juda az gabat gelýär emma bu tekerler gündelik sürmek üçin oňaýly däl.

Orazmuhammet ORAZOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok