“Jahanda kitap dek mährem dost bolmaz” diýip Alyşir Nowaýy belläp geçipdir. Hemmelere mälim bolşy ýaly, kitap okamak her bir adam üçin ruhy baýlyk hem-de ýakyn dost hasaplanylýar. Köp adam kitap okamagy boş wagtyny peýdaly geçirmek üçin güýmenje hasplanýan bolsa, aslynda kitap okamagyň uly peýdasy bar. Bilermenler kitap okamagy üstünlik gazanmagyň syry hasplanýar. Kitap okamagy endik etmek üçin çagalykdan höweslendirilmeli.
2-nji aprel Halkara Çagalar Kitap Güni. Bu sene meşhur çagalar ýazyjysy Hans Kristian Anderseniň hormatyna, onuň doglan güni mynasybetli 1967-nji ýylda nemes ýazyjysy Jelle Lempanyň esaslandyrmagynda senenama girizildi. Çagalar we ýaşlar üçin halkara edebiýat geňeşiniň (IBBY) başlangyjy bilen 1956-njy ýyldan bäri bolsa çagalar edebiýatynyň ýazyjylaryna hem-de çagalar üçin kitaplaryň suratkeşlerine (hudožnik-illýustratorlara) her iki ýyldan bir gezek H.K.Andersen baýragy gowşurylýar. Çagalar edebiýatynyň ýazyjylary üçin bu baýrak iň abraýly halkara baýragydyr. Köplenç oňa “Kiçi Nobel baýragy” hem diýilýär.
Halkara Çagalar kitap güni çagalarda okamak söýgüsini ýokarlandyrmak we kitaplaryň ähmiýetini bellemek üçin döredildi.
Hans Kristian Andersen (1807-1875), daniýaly ýazyjy, ähli ýaşdaky okyjylar üçin, esasan-da çagalar üçin dünýä belli “Betnyşan ördejik”, “Karolyň täze köýnegi”, “Şagyzy we nohut”, “Kükürtli gyzjagaz”, “Ýabany guwlar”, “Jennet bagy”, “Dýuýmjagaz” ýaly ertekileriň awtorydyr. Edebiýatyň irki döwürlerde ýüze çykmagyna garamazdan, diňe XIX asyrda çagalar üçin ýazylan eserleriň döremegine doganlar Grimleriň we H.K.Anderseniň ertekileri goşant bolandygyny bellemek gerek.
Köp okaýan adamyň dünýägaraýşy giň, söz baýlygy köp bolýar. Geliň ýaş nesillerimize kitap okamaga höweslendireliň!
Mähektäç MAKSADOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmendöwlet uniwersitetiniň talyby
Teswirler