ÝOL GURLUŞYK PUDAGYNDA GEOSINTETIKI MATERIALLARYŇ ULANYLŞY

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakulteti, «Awtomobil ýollarynyň gurluşygy» kafedrasynyň mugallymy G.Ballyýew

Türkmen halky üçin ýol, köpri gurmak gadymy döwürlerden  bäri sogaply iş hasaplanyp gelipdir. Şu döwürde döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatynyň esasynda amala aşyrylýan sogaply işler uly depginler bilen dowam edýär. “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany” ýylynda ähi pudaklarda bolşy ýaly, ýurdumyzda ýolgurluşyk infrastrukturasyny kämilleşdirmek boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şäherleriň we obalaryň önümçilik kuwwatlyklarynyň ösmegi bilen ýurdumyzda ýollar ulag düzüminiň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň çäklerinde sebitiň ýol-ulag ulgamyny ösdürmek maksady bilen gurulan we gurluşygy alnyp barylýan awtomobil ýollarynyň müňlerçe kilometri aýdyň şaýatlyk edýär.

           Ýurdumyzyň içki ýol-ulag ulgamynyň kämilleşdirilmegi bilen birlikde, halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi, olaryň üsti bilen ýolagçylary we ýükleri  gatnatmagyň döwrebap ulgamyny gurnamaklyk Türkmenistan döwletimiziň dünýäniň ykdysady hojalygyna barha işjeň integrasiýalaşmagy üçin amatly şertleri döredýär.

        Dünýäniň häzirki zaman tehniki-ykdysady çözgütlerine we ulanyş tejribesine esaslanyp, daşky gurşawyň inžener-geologiki we gidrogeologiki kyn şertlerinde awtomobil ýollary çekilende, ýurdumyzyň ýol-gurluşyk pudagynda geosintetiki materiallarynyň giňden ulanylmagy ýola goýuldy.

         Geosintetiki materiallar – polimer gurluşyk materiallarynyň düzümine girýän ýokary tehnologiki material bolup, awtomobil ýollarynyň, aerodromlaryň, olaryň durky täzelenende we abatlaýyş işleri geçirlende, şeýle-de ýol gurluşygynyň beýleki konstruktiw-tehnologiki meselelerini çözmeklik zerurlygy ýüze çykanda ulanylýar.       Geosintetiki  materiallaryna geotekstil, geogözenek, geokompozit, geogatlak, geomembrana, geoplita, geoelement materiallary girýär.

   Olaryň awtomobil ýollarynyň gurluşygynda ýol konstruksiýasynyň:

        – armirleýji gatlaklary – ýol geýiminiň berkligini üpjün ediji we deformirlenmäge garşy durnuklylyk saklaýjy;

         – drenirleýji gatlaklary – toprakdan suwa aýryp, gury saklaýjy;

         – filtrleýji gatlaklary – gum bölejiklerini seljeriji, süzüji;

         – izolirleýji gatlaklary – ýer geýiminiň gatlaklarynyň garyşmagyna ýol bermeýän bölüji;

          – goraýjy gatlaklary – daşky gurşawyň gidro, ýylylyk we beýleki eroziýalaryndan (erbet täsirlerinden) goraýjy wezipeli goşmaça konstruktiw gatlaklary hökmünde ulanylmagy ýol geýiminiň elementleriniň hyzmat ediş möhletiniň artmagyna we ulanyş ygtybarlylygynyň ýokarlanmagyny üpjün edýär.

           Ulanyljak geosintetiki materialynyň görnüşini has ygtybarly saýlamak üçin awtomobil ýolunyň geçjek ýeriniň howa-klimat şertlerini, topragyň mehaniki, gidrogeologiki şertleri öwrenilýär.

          Geotekstil – poliefir, polipropilen we beýleki çig mallardan ýasalan dokalýan we dokalmaýan görnüşli trikotaž material bolup, ýol konstruksiýasynda goşmaça gatlak hökmünde ulanylmagy bilen ýoluň aşaky esasy we ýokarky guýma, üýşürme gatlaklarynyň, ýagny çagyl, çäge we gum gatlaklarynyň arasyny bölüp, häsiýetlerine baglylykda izolirleýji, drenirleýji, armirleýji we filtrleýji funksiýalaryny ýerine ýetirýär.

        Geogözenek – polietilen, poliefir we polipropilen çig mallardan ýasalan gözenek gurluşly önüm bolup, gowşak esasly (göterijilik ukybynyň pes şertlerinde), çygly we aşa çygly topraklarda ýol konstruksiýasynyň armirleýji wezipesini ýerine ýetirýän goşmaça gatlak hökmünde girizilmegi gatlaklary öz aralarynda çäklendirip, süýşmegine ýol bermeýär. Onuň deformirlenme modulynyň ýokarylygy, ýagny materialyň ýeterlik derejede mäkämligi ýoldan geçýän ulag serişdeleriniň ýola berýän agramynyň meýdany boýunça deň derejede peýdalanmagyna ýardam edýär. Bu bolsa ýoluň konstruksiýasynyň deformirlenmegine ýol bermeýär.

         Geosintetiki materialynyň awtomobil ýollarynyň gurluşygynda ulanylmagy ýoluň konstruksiýasynyň ulanyş möhletiniň artmagyna, şol sanda sarp edilýän işçi güýjüniň we serişdeleriň tygşytlanmagyna ýardam edýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok