31-nji martda Daşoguz welaýatynyň ekerançylary gowaça ekişine girişdiler. Bu ýerde howa şertlerine görä, gowaça ekişi ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz giç başlanýar.
Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular gowaça ekişine ak pata berip, gowaçanyň ilkinji dänelerini topraga atdylar, soňra mehanizatorlara gezek berdiler.
Şu ýyl demirgazyk welaýatda gowaça ekiljek ýerler 155 müň gektara deň bolup, şol ýerlerden “ak altynyň” 275 müň tonnasyny ýygnamak göz öňünde tutulýar. Welaýatyň ekerançylary pagtanyň “Daşoguz-120”, “Daşoguz-114”, “Gubadag-3”, “S-4727”, “Jeýhun”, “149 F” ýaly orta süýümli sortlaryny ekýärler.
Ekiş döwründe ýokary öndürijilikli bejergi traktorlarynyň 2 müň 20-den gowragy, şeýle hem ekijileriň 452-si we pagta kultiwatorlarynyň zerur bolan möçberleri işlediler. Welaýatda 132 sany topar döredilip, olar göçme ussahanalar, kebşirleýji enjamlar hem-de ýangyç daşaýan awtoulaglar bilen üpjün edildi.
Kemal Haýdarow,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler