BAŞ MAKSAT – AZYK BOLÇULYGY

Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösüşleri ýylsaýyn ýokarlanýar. Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygy artýar, önümçilik ösýär. Bu bolsa garaşylýan netijeleriň gazanylmagyny üpjün edýär. Geçen ýyllara ser salsaň, ýetilen sepgitler buýsanmaga, guwanmaga esas berýär. Şol ýyllarda Türkmenistanyň üçünji müňýyllygyň ösüş maksatlarynyň biri bolan azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda gazananlary üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk edarasynyň ýörite sylagyna eýe bolandygy hem guwandyryjy delildir.

«Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem oba hojalygyny özgertmek boýunça edilýän işleriň oňyn netijeleri berýändigini aýdyň görýäris. Daýhan has üýtgeşik, taryhy öwrülişikleriň jümmüşinde ýaşaýar. Bu bolsa onuň işinde hem düýpli ösüşlere getirýär. Ýurdumyzda her ýyl möwsümleýin oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl alynýar. Şonuň bilen birlikde, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň düşewüntliligini we önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, eksport ugurly önümleriň möçberini artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň mukdaryny azaltmak, maýa goýum işjeňligini, döwlet eýeçiligine degişli ugurlary hususylaşdyrmagy dowam etdirmek, telekeçilik işleri üçin amatly şertleri döretmek ýaly wezipeler hem üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzda obasenagat toplumyny ösdürmek bilen baglanyşykly ýer, suw we beýleki tebigy serişdeleriň netijeli ulanylmagyna, daşky gurşawyň goralmagyna, oba hojalyk ylmynyň, seçgiçilik hem-de tohumçylyk işiniň ösdürilmegine, innowasion tehnologiýalaryň, öňdebaryjy usullaryň önümçilige ornaşdyrylmagyna, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna-da uly üns berilýär.

Obasenagat toplumyny ösdürmek bilen baglanyşykly soňky ýyllaryň dowamynda iri möçberli özgertmeleriň uly toplumy durmuşa geçirilýär. Daýhan birleşikleriniň sürümli ýerlerinden welaýatlarda oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalary döredildi. Olardan paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, beýleki oba hojalyk önüm öndürijilerine uzakmöhletleýin ýer bölekleri berilýär. Ýörite döredilen ýer gaznasyndan iş toparynyň çözgüdi esasynda ýerleriň 99 ýyl möhlet bilen isleg bildirýänlere berilmegi ýeriň hasyl berijiligine örän oňyn täsirini ýetirýär. Bulardan başga-da, 2019-njy ýyldan başlap, bugdaýyň, pagtanyň we piläniň döwlet satyn alyş nyrhy ýokarlandy.

Soňky ýyllarda obasenagat toplumynyň tehniki binýady hem has pugtalandy. Munuň üçin ýene-de köp mukdarda maliýe serişdeleri bölünip berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen şol binýadyň üsti döwrebap traktorlar, kombaýnlar, dünýäniň öňdebaryjy oba hojalyk tehnikalary we iň täze görnüşli enjamlary bilen ýetirilýär. Şu özgertmeleriň esasy maksady azyk bazarynda bolçulygy üpjün etmekden ybaratdyr. Bu bolsa ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýşynyň hilini ýokarlandyrmakda möhümdir. Döwletiň önümleri satyn almagy, daýhanlaryň salgytlardan boşadylmagy, olara ýeňillikli şertlerde tehniki hyzmatlaryň, tohumlaryň, mineral dökünleriň, ösümlikleri goramaga degişli serişdeleriň berilmegi — oba hojalyk öndürijilerini maliýe-ykdysady taýdan höweslendirýär. Şeýle hem daýhanlary yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Öwezmyrat ÇANGLYÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Aşgabat şäherindäki Agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok