Alymlar suw derejesiniň barha ýokarlanýandygyny nygtaýarlar

Alymlar, planetamyzdaky soňky buz eýýamyndan soň deňiz derejesiniň näderejede ýokarlanandygy baradaky barlaglary geçirdiler.  Barlaglarda alnan maglumatlar, howanyň üýtgemegi netijesinde bolup biljek wakalara täzeçe garaýyş hödürleýär.

Buz eýýamyndan soň ýylylygyň artmagy netijesinde deňiz derejesiniň ýokarlanandygy hemmämize mälimdir.  Geçirilen täze gözlegler, deňiz derejesiniň näçeräk ýokarlanandygyny ýüze çykardy.

Angliýanyň Durham uniwersitetinde geçirilen gözleglere görä, planetamyzdaky soňky buz eýýamyndan soňky buzlaryň eremegi bilen, deňiz derejesini 18 metr ýokarlandyrdy.  Elbetde, bu ösüş gysga wagtyň içinde biziň düşünişimiz bilen bolup geçmedi.  Gözleglere görä, buz döwründen soň her ýüz ýylda deňiz derejesiniň ýokarlanmagy takmynan 6 metr boldy. 

Gaýgysyz KERIMOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok