“Germew” priloženiýesi işläp düzüldi

Iňlis dilini öwrenmek isleýänlere türkmen dilinde düşündirişli “Germew” atly mobil goşundy işläp düzüldi.

Bu programmada iňlis dili derejelere görä okuw gollanmalary hödürlenýär, ýagny:

  • Beginner,
  • Elementary,
  • Pre-Intermediate,
  • Intermediate,
  • Advanced derejeleri.

Bu priloženiýede türkmen dilinde türgenleşikler (tutorials) hem ýerleşdirilen. Priloženiýany oflaýn hökmünde mobil enjamlarda gurnap bolýar.

Bu priloženiýanyň üstünde ýaş programist Isa Annamyradow işledi. Ol häzirki wagtda Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi hünäri boýunça 5-nji ýyl talyby.

Priloženiýany Google Play pratformasyndan ýükläp alyp bilersiňiz.

Şaperi Gurbanberdiýewa
Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň
Žurnalistika hünäriniñ talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok