Garaşsyzlyk — milli ykdysady galkynyşymyzy baky rowaçlandyryjy döwlet berkararlygydyr. Bu berkararlyk ata Watanymyzyň agrar ýurt bolmaklygyndan senagat taýdan ösen döwlete öwrülendiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Döwlet Garaşsyzlygymyza eýe bolan ilkinji günlerimizden bäri, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşi orta möhletleýin we uzak möhletleýin döwürlere niýetlenilen milli we döwlet maksatnamalary esasynda amala aşyrylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda elektroenergetika, nebit-gaz çykarýan, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa we nebit-himiýa senagatlarynyň, ýeňil we azyk senagatynyň kärhanalary, maşyn-gurluşyk we demiri gaýtadan işleýän, gurluşyk materiallaryny öndürýän desgalary bilen üpjün edilen köp pudakly dürli maksatly ykdysadyýet döredildi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda täze döwrebap ýokary öndürijilikli tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyrylan önümçilik toplumlary we kärhanalar işe girizildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda öndürilýän milli önümlerimiziň aglaba bölegi «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgy bilen dünýäniň dürli künjegine — Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna, ABŞ-a, Kanada, Russiýa, Türkiýä, Wengriýa, Hytaýa, Baltika ýurtlaryna, Ukraina we beýleki döwletlere ugradylýar. Munuň özi bolsa, Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen ykdysadyýetiniň halkara bazar-ykdysady gatnaşyklarynyň esasynda günsaýyn barha rowaçlanyp, kämil binýada eýe bolandygyny görkezýär.
Garaşsyzlyk zamanasynyň häzirki ajaýyp eýýamynda — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň halkara bazar ykdysady gatnaşyklary milli ýörelgeleriň özboluşlylyna we häzirki zaman dünýäsiniň döwrebap ösüş aýratynlygyna laýyklykda has düýpli özgerdildi. Ýurdumyzyň halk hojalygy toplumynyň ähli ugurlarynyň halkara bazar ykdysady gatnaşyklarynyň esasynda netijeli we okgunly ösdürilmegi üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Bu şertlere laýyklykda salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmegi, eksport-import amallaryny geçirmegiň ýönekeýleşdirilmegi, ýeňillikli karz syýasatynyň ýola goýulmagy ýurdumyzda telekeçilik ulgamynyň pajarlap ösmegine mümkinçilik döretdi.
Gülruh ALLAÝAROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
Teswirler