Täze gözleg geçirýän alymlar näme üçin aýdym diňlemekden lezzet alýandygymyzy öwrendiler. Netijelere görä, aýdym diňlemek beýnimizi işjeň ýagdaýa getirýär. Başgaça aýdylanda, beýnimiz aýdym diňlemegi nahar iýmek ýa-da pul gazanmak ýaly görýär.
Sazy diňlemek adamlara tebigy taýdan peýdasy ýok. Şeýle-de bolsa, hemmämiz diýen ýaly aýdym diňlemekden lezzet alýarys. “Jneurosci”-de neşir edilen täze gözlegde, alymlar adamlaryň beýnisiniň signallaryny gözden geçirip, näme üçin aýdym diňlemekden lezzet alýandyklaryny düşünmäge synanyşdylar.
Synaga gatnaşan adamlara birnäçe görnüşdäki aýdym-sazlar diňledildi. Emma aýdymdan lezzet almagyň diňlenilýän aýdym saza hem baglydygyny bellemelidiris.
Alymlaryň düşündirişlerine görä, aýdym diňlenilen halatynda, eşidiş arkaly kabul edilen gowy aýdym-sazlar beýnidäki neýtronlary we protonlary ýokary depginde herekete geçirýär.
Kuwat HEMDEMOW,
S.A.Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň talyby.
Teswirler