Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda meşhur William Şekspiriň “Nadaranyň nogtalanyşy” atly spektaklynyň ilkinji görkeziliş dabarasy boldy. Bu spektakl Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 5-nji ýyl talyby Tawus Hakimowanyň režissýorlyk etmeginde diplom işi hökmünde goýulyp, institutyň talyplarynyň keşpleri janlandyrmagynda ýerine ýetirildi.
Has dogrusy keşplerine ýerine ýetirenler:
Baptista – Batyr Gurbanow.
Petruçio – Yhlas Yslamow.
Katerina – Jennet Meredowa.
Biýanka – Merjen Gubaýewa.
Luçensio – Remezan Allaberdiýew.
Grumio – Bagtyýar Dolyýew.
Gortenzio – Didar Annaýew.
Gremio – Kadyr Öwezmuhammedow.
Tranio – Merdan Nazarow.
Bondello – Pirmämmet Galandarow.
Gortenzioň aýaly – Akmaral Durdyýewa.
Hyzmatkär – Döwran Arabalyýew.

Aýratyn belläp geçilmeli zatlaryň biri bu spektaklda Ýewropa medeniýetini we edim-gylymlaryny tomaşaça ýetirmek ýaly kynçylyklaryň bolmagydyr. Spektakl tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalarynyň astynda keşp janlandyran gahrymanlara gül desseleriniň gowşurylmagy bilen jemlendi.
Ýalkapberdi Annamyradow,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.
Teswirler