Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan ýaş dizaýnerleriň sergisi geçirildi

30-njy martda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Aşgabat gözelligiň şäheri” atly ýaş binägärleriň we dizaýnerleriň işleriniň sergisi guraldy. Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Binägärlik we Dizaýn kafedralarynyň gurnamagynda geçirilen bu sergä mugallymlar, talyp ýaşlar we çeper höwesjeňler gatnaşdylar.

Serginiň dowamynda ýaş binägärler we dizaýnerler özleriniň birnäçe döwrebap taslamalary we işleri bilen tanyşdyrdylar. Ýagny häzirki wagtda sanly bilim ulgamynyň durmuşymyza giňden ornaşdyrylmagy bilen bagly işlenip taýýarnalylan bu taslamalar sergä gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Sergide ýaş dizaýnler tarapyndan taýýarlanylan “Ashgabat city” taslamasynyň bölekleri hem ýerleşdirilipdir.

Gyzlargül ANNAGURDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultitetiniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok