Türkmenistanyň köptaraplaýyn diplomatiýasy

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk statusyna eýe bolmaklygy dünýä ýüzünde ýüze çykýan global meselelere özüniň tekliplerini orta atmak bilen birlikde problemalary çözüji we oňa kesgitli çäreleri düzmekde we parahatçylygy goraýjy ýeketäk bitewi BMG-nyň maksatnamalary esasynda kabul edilen kararnamalara daýanyp bu işlere işjeň gatnaşýar hem-de diplomatik işlerini alyp barýar.

Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda wajyp orny eýeleýän köptaraplaýyn diplomatiýanyň manysy diplomatik sözlüginde şeýle düşündirilýär: “birnäçe döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda bolup geçýän, halkara we hökümetara guramalaryň şeýle-de konferensiýalaryň işi bilen bagly gepleşikleriň, geňeşmeleriň geçirilmegi we ş.m. diplomatik iş”. Ýöne häzirki zaman diplomatiýasyna köp sanly alymlar köptaraplaýyn maslahatlar hökmünde hem garaýarlar. Olarda köp döwletleriň gyzyklanma bildirýän global ýa-da sebit derejesindäki derwaýys meseleleri ara alynyp maslahatlaşylýar.

Halkara gatnaşyklarynyň ösüşi, globallaşma hadysalary ilkinji nobatda häzirki zaman diplomatiýanyň häsiýetine täsir etýär. Bu bolsa öz gezeginde diplomatiýanyň täze usullarynyň, gurallarynyň, ugurlarynyň we täzeçe çemeleşmegine getirýär. Şeýle häsiýetli çemeleşmeleriň ýüze çykmagy köptaraplaýyn diplomatiýanyň zerurlygyny artdyrýar.

Türkmenistan köptaraplaýyn gatnaşyklar babatynda toplan baý tejribesiniň ösmegi bilen ileri tutulýan ugurlar boýunça halkara gatnaşyklaryny giňeltýär we onuň ösmegi ugrunda uly maksatnamalary durmuşa geçirýär. Iň esasy bellemeli zatlarymyzyňam biri hem halkara gepleşikleridir halkara guramalarynyň arasynda ýüze çykýan global meseleleri çözmekde we oňa seljerme berip öz tekliplerini orta çykarmakda parahatçylykly ýollar arkaly çözmeklige we hukuk binýadynyň berkemekligine esaslanyp aýdyň syýasaty alyp barýar. Bu  işleri amala aşyrmakda bolsa iň ygtybarly daýanjy bolan uniwersal halkara guramasy bolup durýan BMG-nyň üsti bilen çözmekligiň tarapdary bolup çykyş edýär. Bu çärelere subutnama hökmünde 2015 – nji ýylda Tähranda geçirilen Goşulyşmazlyk hereketiniň halkara maslahatynda hormatly Prezidentimiziň eden çykyşynda aýdyp görmek bolýar. Ýagny bu çykyşda edilen esasy gönükdirilýän maksat halkara gatnaşyklarynda emele gelýän konfiliktleriň diplomatik esasa daýanyp hiç hili ýarag ulanmazdan parahatçylykly çözülmegini gazanmak bolup halkara gatnaşyklarynyň bitewileşmegi hem-de kämilleşmegini pugtalandyrmak bilen täze syýasy-diplomatik gurallar arkaly çözmeklik bolup durýar. Bu masalahatyň Türkmenistanyň Goşulyşmazlyk hereketiniň agza bolanyna 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilmeginiňem uly ähmiýeti bardyr. Türkmenistan 1995-nji ýylyň oktýabrynda  Kolumbiýanyň Kartahena şäherinde bolup geçen sammitinde gurama agza bolmagy bilen öz  bitaraplygyny gazanmagyna uly goldaw tapmagyna getirdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan Goşulyşmazlyk hereketiniň düzümindäki 120 döwlet bilen birlikdäki agzasy bolmak bilen özüniň önjeýli işleri bilen dýnýä halkarynyň arasynda tanalyp gelýär. Goşulyşmazlyk hereketiniň ähli agzalarynyň BMG – nyň düzümine girmek bilen oňa girýan döwletleriň  aglabasynyň seslerine syn berilmegi (60% ) we dünýäniň esasy ilatly ýurtlarynyň 55%- ni düzýän ägirtleri şeýle-de nebit gorlarynyň 76% hem-de gaz gorlarynyň 53% özünde jemlemegi bu guramanyň ähmiýetiniň uludygyny aňlatmak bilen şol bir wagtyň özünde meseleleriň çözgütleriniň aglabasyny özünde jemleýär diýildigi diýsek ýalňyşmasak gerek.  Bu hereketiň baý taryhy bolmak bilen her hili döwürlerde özüniň beli maksatlara gulluk etmegi bilen işini alyp bardy. Bu hereketiň resmi taýdan döredilmeginde birnäçe maslahatlar bolup geçdi. 1947-nji ýylda Delide Aziýanyň köp döwletleriniň syýasy işgärleriniň we alym professorlaryny arasynda bu hereketiň ýagny “goşulyşmazlygyň” filosofiýasyny ýaýratmak maksatly konferensiýalary, 1955-nji ýylda Bandung konferensiýasy,1956-njy ýylda Müsüriň, Ýugoslawiýanyň, Hindistanyň döwletleriniň baştutanlarynyň arasynda geçirilen üçtaraplaýyn konsultasiýa esasynda bolup geçen ylalaşyklardan soňra 1961-nji ýylyň sentýabr aýynda resmi taýda yglan edilmegi bilen güýje girdi.

Hereketiň häzirki wagtdaky ýörelgeleri döwürleriň üýtgemegi bilen kämilleşdi, özgerdi. Ozalky wagtlarda diňe “goşulyşmazlyga” eýermek ýaly maksatlary ýörelge edinmän dünýä döwletleri bilen bilelikde ähli hadysalary we ýüze çykýan päsgelçilikleri ýeňmekde şu günki güniň talaplaryna laýyklykda hereket etmek bilen parahatçylykly hoşniýetli gatnaşyklary alyp barmak bilen häsiýetli taraplaryny açyp görkezýär. Şu wagtky döwürde bu guramanyň howpsuzlukda we parahatçylykly ýörelgeleri bilen halkara gatnaşyklaryndaky ýagdaýy has-da beýgelýär.                      

Goşulyşmazlyk hereketi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk anyk we işjeň häsiýete eýe bolýar. Bu bolsa öz gezeginde halkara gatnaşyklarynda howpsuzlygyň, parahatçylygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam bermek bilen globall meseleleriň hem-de häzirki döwüri öz içine alýan garşylyklaryň we wehimleriň ylalaşykly çözülmegine özüniň hemaýatyny ýetirmek, dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek-de dünýä äşgär syýasatyny alyp barýar.

Kyýat ILAMANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň 1-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok