Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda baý edebi we ruhy mirasymyzy, taryhda öçmejek yz galdyryp giden meşhur şahsyýetlerimizi öwrenmek, olaryň dünýäniň altyn hazynasyna peşgeş beren eserleri bilen ýakyndan tanyş bolmak üçin ähli şertler döredilýär. Sebäbi türkmeniň özi bolup dünýä çykmagynda meşhur şahsyýetlerimiziň orny ummasyz hasaplanylýar. Şol şahsyýetleriň biri hem gelip çykyşy boýunça türkmeniň baharly taýpasynyň wekili, halkyň içinden çykan beýik döwlet işgäri, serkerde şahyr, meşhur diplomat Baýram han Türkmendir.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, dünýäde türkmeniň giňden tanalmagynda taryhy wezipäni amala aşyran Muhammet Baýram han Türkmene bagyşlanyp halkara forumyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle belläp geçýär: “Garagoýunly türkmenlerinden gelip çykan hanlar hany Baýram hanyň, onuň ogly Abdyrahym hanyň Beýik Mogollar şadöwletiniň berkemeginde we gülläp ösmeginde bitiren hyzmaty çäksizdir. Halkyň jümmüşinden çykan beýik serkerde şahyr Baýram han Türkmen galamyň we kelamyň güýji bilen uly işleri bitiripdir, halk bähbidiniň hem-de adalatynyň goragçysy bolupdyr. Şahyranalyk we pelsepewi paýhas bitewiligi, ynsanyýetiň waspy we adam mertebesini ýokary götermek hakyndaky müň öwüşginli garaýyşlar şahyryň döredijiliginiň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Ynsanperwerligiň, dostlugyň, ýagşylygyň, gözelligiň waspnamasy hökmünde umumadamzat şygryýet hazynasyna giren Baýram hanyň edebi mirasy biziň milli buýsanjymyzdyr. Jemgyýetimiziň galkynýan täze taryhy döwründe özüniň öçmez-ýitmez şygyrlary bilen türkmen halkynyň ruhy dünýäsini äleme ýaýan serkerde şahyr Baýram hanyň adyny, mertebesini şöhratlandyrmak biziň mukaddes borjumyzdyr.”
Türkmen halkynyň döwlet gurmak, döwletlilik ýörelgeleri, şeýle-de diplomatiýasynyň taryhynda mynasyp yz galdyran beýik taryhy şahs hasaplanýan Muhammet Baýram han Türkmen barada türkmenleriň Hindistandaky taryhy yzlary hakda ençe makalalar ýazan halypa taryhçy J.Hatamow şeýle belleýär: “Köplenç, hökümdarlar barada köp ýazylyp, olaryň meşhurlygynda az hyzmatlar bitirmedik ýakyn kömekçileri unudylýar. Ýöne taryh Baýram han Türkmen babatda welin, dymmandy. Hindistandaky Beýik Mogollar imperiýasy hakynda bolsa Baýram han Türkmensiz gürrüň etmek asla mümkin däl”. Halypa taryhçynyň bu sözleri hakykatdan hiç hili daş düşmeýär.
Muhammet Baýram hanyň harby hereketleri, meşhur serkerde we döwlet işgäri, tejribeli diplomat we döwrüniň meşhur şahyry bolandygy baradaky maglumatlar bilen tanşanyňda, hakyky türkmen gerçegine mahsus bolan batyrlygy, edermenligi, wepadarlygy we uçursyz pähim-paýhaslylygy görmek bolýar. Onuň esasy harby hereketleri Muhammet Humaýunyň Güjeradyň häkimi Bahadyr şanyň garşysyna uruş yglan etmegi bilen başlanýar. Bu söweşiň öň ýanynda Humaýun Muhammet Baýram hana esasy harby hereketleri alyp barmaklygy ynanypdyr. Şeýlelikde, Güjerat ýörişiniň başlanmagy bilen, ýagny, 1534-nji ýylyň dekabrynda Baýram han Humaýuna özüniň harby başarjaňlygyny görkezmek babatda ilkinji, doly mümkinçiligi ele alýar. Bellenilen söweş 1535-nji ýylyň aprel aýynda bolup geçýär we onda Muhammet Baýram hanyň goşuny aýratyn uly edermenlik görkezýär. Şonda garşydaş goşunlary ýeňmek, gaçyp, Mandu galasynda ýerleşen Bahadyr şa bilen möhüm ylalaşyklary gazanmak üçin Baýram han uly işler bitirýär. Mandu galasyny ele salmak ugrunda gazanylan ýeňiş Muhammet Baýram hanyň gazanan ilkinji özbaşdak diplomatiki ýeňişleriniň biridir.
Taryhy maglumatlaryň şaýatlyk etmegine görä Abýram han urdu, hindi, türkmen, pars dilinde ajaýyp goşgulary ýazyp bize miras goýupdyr. Onuň eserlerini ilkinji çapa taýýarlan iňlis alymy gündogarşynas Denison Ross: “Ýyldyz kimin ýagtylyk berýänleriň arasynda parlak ýyldyzlaryň biri bolup, Humaýunyň, Ekberiň köşklerine ýagtylyk beripdir. Onuň isminiň XVI asyryň durmuşyny görkezip, Hindistanyň taryhynda uly mertebesi bar” diýýär. Baýram han beýik döwlet işgäri, akyldar, pelsepeçi we ajaýyp şahyr hökmünde dünýä alymlarynyň, akyldarlarynyň, şahyrlarynyň ünsüni özüne çekýär. Baýram han Türkmen beýik şahsyýet bolandygy sebäpli, doganlyk halklaryň köpüsi ony öz şahyry hasaplaýar.
Taryhçy Ö.Gündogdyýewiň adalatly belleýşi ýaly «Baýram han — beýik türkmen şahyrydy, döwlet işgäridi, diplomatdy, şöhratly serkerdedi». Türkmen halkynyň bu beýik ogluna hormat hökmünde Delide «Türkmen derwezesi» bar.
Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
Teswirler