1937-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde “Ýaş tomaşaçylar” ady bilen döredilen Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry türkmen medeniýetiniň ojaklarynyň birine öwrüldi. Medeni-dynç alyş merkezi hökmünde birnäçe ýyllap hyzmat eden bu teatryň binasy 1948-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde bolup geçen pajygaly ýer titremesi sebäpli tutuşlaýyn ýykylýar. Wagtlaýyn işini bes eden teatr 1964-nji ýylyň 14-nji noýabrynda şol wagtky Mollanepes adyndaky Akademiki drama teatryň jaýynda täzeden öz işine başlaýar. G. Muhtarowyň “Dogruçyl kamsomol sözi” diýen spektakyl bilen täze möwsüme ýelken açan teatr ýene-de halkyň üns merkezinde ýer alýar. Ýaş zehinleri ýüze çykarýan bu teatra 1979-nji ýylda artist Aman Gulmämmedowyň ady dakylýar. 1964-1991-nji ýyllar aralygynda teatrda 110-a golaý spektakl sahnalaşdyrylýar we teatr öz taryhy ösüşini has-da belende götermegi başarýar.
Garaşsyzlygymyzy gazananmyzdan soň, Türkmenistanyň Ýaş tomaşaçylar teatry watançylyk hem-de milli ruhdaky , türkmen ýaşlarynyň durmuşyny dogruçyl açyp görkezýän oýunlary goýup, öz tomaşaçylaryny has hem özüne çekmegi başardy. 2001-nji ýyla çenli 40-a golaý spektakllar sahnalaşdyrylan teatr şol ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen “Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatry” diýip atlandyryldy.
2006-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda teatr Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň ugrunda bina edilen täze jaýa göçüp bardy. Teatryň bu täze binasynyň 200 orunlyk kiçi we 800 orunlyk uly zallary, dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehniki enjamlary artistleriň uly mümkinçiliklerinden peýdalanyp işlemeklerine giňden ýardam berýär. Teatryň täze binasynyň açylyş dabarasy mynasybetli G. Daňatarowyň “Hakydalar ummany” atly eseri sanalaşdyryldy we tomaşaçylara hödürlendi .
2001-2011-nji ýyllar aralygynda teatrda 40-dan gowrak .spektakllar sahnalaşdyrylyp, tomaşaçylara ýetirildi. Olardan N. Rejebowyň “Jahan jomardy”, O. Annaýewiň “Gabanjaň gelin”, H. Berdiýewiň, M. Mämmetgurbanowyň “Türkmen ruhy”, B. Bäşimowyň “Kime jaý gerek, kime-de taý” atly spektakllaryny agzap geçsek ýerlikli bolar.
Türkmen teatr sungatyny ösdürmekde we ony dünýä tanatmakda ellerinde baryny edip zähmet çekýän artistlerimizi 2005-nji ýylda Türkiýe döwletiniň Stambul şäherinde geçirilen “Stambul-teatrlaryň mekany” atly halkara festiwalyna gatnaşdylar we G. Daňatarowyň “Nusaý söýgüsi” atly spektakly bilen çykyş edip, baýraga mynasyp boldular. Mundan başga-da, halkara derejesinde geçirilýän köp çärelere gatnaşyp türkmen halkynyň medeniýetiniň owazyny dünýäde ýaňlandyrýan medeniýet işgärlerimiz 2011-nji ýylda Russiýa döwletiniň Kazan şäherinde geçirilen “Nowruz” atly halkara festiwalyna-da G. Daňatarowyň “Kabyl bilen Habyl” atly oýny bilen gatnaşdylar. 2015-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda teatr sungatyny döwrebap ösdürmek, medeni dynç-alyş şertlerini has hem gowulandyrmak maksady bilen Garaşsyzlyk ýyllarynda bina edilen Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynda halkymyzyň gahrymançylykly taryhynda watansöýüjilige, şeýle-de giň tomaşaçylar köpçüliginiň isleglerini nazara alyp, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň ady üýtgedilip, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry diýlip atlandyryldy.
2017-nji ýylda teatrda Çingiz Aýtmatowyň “Elwan ýaglykly serwim” atly oýny režissýor Handurdy Berdiýewiň goýmagynda repertuara goýuldy. Watany söýmek, zähmedi söýmek, dostluk, edeplilik, ula hormat goýmak, ynsanperwerlik teatryň sahnasynda goýulýan oýunlaryň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
ATABAÝEWA Gülruh,
Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
institutynyň talyby
Teswirler