Tohum alda ýere bar

Daş-töweregi läle-reýhana bezäp gelen pasyllaryň soltany hasaplanýan bahar diňe bir ýürekleri joşduryp, köňülleri heýjana getirmän, oba zähmetkeşleriniň iş aladalaryny-da artdyrdy. Gyş ukusyndan oýanan ene topragyň göwnüň göteriji ysynda geljekki hasylyň berkedini duýýan babadaýhan bilini berk guşap, işe girişdi. Şonuň üçin Milli mirasa we ruhy gymmatlyklara baý gadymy türtkmen halky bahara teşnelik hem sabyrsyzlyk bilen garaşypdyr.

Döwlet tarapyndan oba hojalyk ulgamyna ünsüň güýçlendirilmegi oba zähmetkeşlerini, oba hojalygynda zähmet  çekýän her bir adamy ak bugdaýdyr “ak altyndan” we gaýry ekinlerden ýokary hasyl almaga, ýerleriň hasyllygyny ýokarlandyrmaga, oňat netijeleri gazanmaga, rowaçlyklara beslenýän eziz Diýarymyzy has-da gülletmäge ruhlandyrýar.

Hormatly ýurt baştutanymyzyň türkmen topragyna badalga beren Berkakar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiz halkymyz batly ösüşleri we özgertmeleri başdan geçirýär. Gysym topragyny maňlaýymyza togap edip ogşaýan ene ýerimizde bitýän ekinleriň bolçulygy bolsa her bir maşgalanyň saçagynyň berekedini emele getirýär.

Ata – babalarymyzyň maňlaý deri garylan, nazary düşen, aýak yzlary galan, ene-mamalarymyzyň ýürek mähri siňen türkmen topragynyň ykbaly Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da belende göterildi. Azapsyz ýeriň ady ýok diýilişi ýaly, topraga yhlas edip azap siňdirseň ol ýerden ballar akyp, güller bitýär. Hormatly Arkadagymyzyň ýurdumyzyň agrosenagat ulgamyny nusgalyk ösdürmeklige berýän goldawlarynyň netijesinde ene toprakdan gowaçanyň, bugdaýyň, şalynyň gant şugundyrynyň we beýleki gök-bakja ekinleriň ekologiki taýdan ýokary hili arassa önümleri öndürip halkymyza hödürlenilýär. Zähmetsöýer, ene topragy jany-teni bilen söýýän, topraga aýawly goraýan, maňlaý derini siňdirýän türkmen daýhanlarynyň topraga taşlaýan her bir dänesi müňläp, türkmen saçagynyň berekedini bolçulyga öwürýär.

Hormatly Prezidentimiz mart aýynyň 19-na geçiren wideo şekilli iş maslahatynda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler dogrusynda birnäçe anyk wezipeleri öňde goýdy. Ýurdumyzyň agrosenagat toplumynyň döwrüň talaba laýyk derejede ösdürmelidigi, oňa ylmyň gazananlarynyň şeýle hem ösen tehnalogiýanyň giňden ornaşdyrylmadygy barada tabşyryk berdi. Döwlet Liderimiz ýaz ekişine taýýarlyk işlerine ünsi çekip agrotehnikanyň talaplaryna laýyk gelmelidigini, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak meselelerine düýpli üns bermelidigini belläp geçdi. Topragyň şorlaşma derejesiniň öňüni almak, ekinleriň her welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelmegi ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyny önümçilige ornaşdyrmak bilen baglanşykly işlere ylmy esasda çemeleşmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Ýurdumyzda milli bahar baýramynyň gelmegi bilen ata-babalarymyz bu baýramçylygy berekediň, bagtyýarlygyň ekerançylar üçin bolçulygyň, rysgalyň baýramy hökmünde garşylapdyrlar. Tebigatyň ýaşyl dona bürenmegi bilen daýhanlarymyz ekerançylyk işlerine uly höwes bilen girişip dürli oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmäge başlapdyrlar.

Häzirki wagtda ekerançylarymyz iň möhüm işleriň biri bolan ýaz ekişine uly taýýarlyk bilen geldiler. Şonuň bilen baglylykda Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişine ak pata berip, bu çäräni asylly däbe görä hormatly ýaşulylaryň gatnaşmagynda başlamalydygyny belledi. Ýurdymyzyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda gowaça ekişine 24-nji martda, Daşoguz welaýatynda bolsa 31-nji martda köpçülikleýin girişiler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurt baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde daýhanlarymyz döwrebap kämil tehnikalar bilen yzgiderli üpjün edilýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň agrosenagat ulgamynda hem ýokary netijeler, üstünlikler gazanylýar. Nesip bolsa bu işler gowaça ekişini öz wagtynda talaba laýyk geçirmäge mümkinçilik berer.  Şu ýylyň ekiş möwsümine ekiş enjamlary, kultewatorlary sürüm we hatar aralary ýumşatýan traktorlar , dyrmyklar we beýleki kömekçi tehniklar doly taýýar edildi. Bularyň hatarynda dürli tehniklary bolan dünýä belli ,,Class”, ,,John Deere”,  ,,Case”, ,,Belarus” we beýleki kompaniýalaryň kuwwatly oba hojalyk maşynlary işlediler. Şu tehnikalaryň kömegi bilen ýurdumyzda esasy strategiki ekinleriň biri bolan gowaçanyň 620 müň gektar meýdanynda guramaçylykly göwnejaý ekiş geçirilip, ýerden 1 million 250 müň tonna türkmeniň ak altyna deňeýän pagtasyny almaklyk meýilleşdirilýär.

Ýurdumyzda täze döwrebap pagta arasalaýjy zawodlary gurmaga aýratyn üns berilýär. Daşoguz welaýatynyň Könürgenç etrabynda kuwwaty 40 müň tonna barabar bolan pagta arasalaýjy kärhana guruldy. Lebap welaýtynyň Halaç , Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň çäklerinde we Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda tohumluk pagtany gaýtadan işleýän kärhanalar gurulyp işe başlady. Iň täze enjamlar bilen üpjün edilen zawodlar geljekde pagtaçylyk pudagyny täze derejä çykarmaga ýardam eder. Şonuň bilen bir hatarda bu kärhanalar tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge, ýokary hilli tohumlary taýýarlamaga niýetlenendir. Bu täze tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy azyk senagaty üçin gymmat bahaly çig mal bolan birnäçe müň tonna gowaça çigidini tygşatlamaga  we gowaçanyň hasylyny artdyrmaga mümkinçilik döreder. Döwlet tarapyndan türkmen daýhanlaryna ýakyndan goldamagy hem munuň kepili bolup durýar. Önümleri öndürmek üçin edilýän çykdaýjylaryň, şol sanda tehniki hyzmatlar, tohum, mineral, dökün, suw üçin edilýän çykdaýjylaryň 50 göterimi döwlet serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirilýär. Döwletimiz pagtaçy daýhanlary höweslendirmek maksady bilen döwlet buýurmasyndan artyk öndürilen pagta çig malynyň senagat taýdan gaýtadan işlenilmegi netijesinde alnan pagta süýmini daşary ýurtlara özbaşdak ýa-da Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen satmaklygy amala aşyryp bilerler.

Milli Liderimiz oba hojalygynyň esasy ugurlary bolan däneçiligi we pagtaçylygy ösdürmek bilen bir hatarda, hasyllylygy ýokarlandyrmagyň esasy ugurlary bolan ýerleriň gurplulygyny, tohumlaryň hilini gowulandyrmagy hem ünsden düşürenok. Oba hojalygynda tohumçylygyň tutýan ornunyň ýokarydygyny Hormatly Prezidentimiziň 2009-njy ýylda gol çeken “Türkmenistanda oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygyny kämilleşdirmek hakyndaky” Karary ýene-de bir gezek tassyklaýar. Bu resminama laýyklykda ýurdumyzyň welaýatlarynda saýlantgy tohumçylyk hojalyklaryň 37-si döredildi we olara tohumçylyk işlerini alyp barmak üçin ýer bölünip berildi. Köp sanly ylmy barlaglaryň tassyklamagyna görä, ýokary arkaly tohumlar bilen ekiş geçirilende, oba hojalyk ekinleriň hasyllylygy 15-20 göterim ýokarlanýar.

Gowaçada geçirilen ylmy-barlag işleriň netijesinde ekişde takyky ekijileri ulanmagyň agrotehniki ähmiýeti örän ululdyr. Adaty ekişde gowaçanyň sütügi aýrylmadyk tohumlary ulanylýar. Bu ýagdaýda her gektara 120 kg çenli tohum ekişde harçlanýar. Takyk ekijiler bilen ekilende her gektara 30-35 kg mukdarda tohum harçlamak bilen ekiş geçirilýär. Takyk ekijilerde ekiljek tohumyň daşyndaky sütükleri doly aýrylan bolmaly. Bu usulyň artykmaç tarapy her gektara ekiljek tohumy gerek mukdarda sazlap bolýar. Topragyň mehaniki düzümine baglylykda ekişde tohumy gerek çuňlugyna taşlap bolýar. Bu usulda ekiş geçirilende her gektarda ortaça 70-90 kg çenli tohum tygşytlamaga we wagtynda ýokary hilli gögeriş almaga mümkinçilik berýär. Şonuň bilen birlikde el zähmetini köp sarp edýän ýekeleme işlerini düýpli azaltmaga şert döredýär. Munuň özi hasylyň artmagyna we hasyl birligine önümiň özüne düşýän gymmatyny peseldip, ykdysady netijliligini ýokarlandyrýar. Bu usulyň önümçilik ähmiýeti häzirki döwürde oba hojalyk ugrunda zähmet çäkýän alymlar tarapyndan ylmy işlerde doly subut edilmegi öňdebaryjy birnäçe hojalyklarynda ekişiň bu usuly giňden ulanylýar. Gowaça ekişine, pagta ýygymyna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agronomçylyk fakultetinde bilim alýan talyp ýaşlar okuw we önümilik tejribeliklerine gatnaşyp tohumlary ekişe taýýarlamagyň usullaryny, ulanylýan awuly serişdeleriň täsirini ýerli şertlerde öz gözleri bilen görýärlär. Bu bolsa olaryň “Eşiden deň bolmaz gören göz bile” diýilişi ýaly, olaryň hünär endikleriniň kämilleşmegine ýardam edýär. Şeýle hem, uniwersitetimiziň Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň talyplary uniwersietimiziň okuw tejribe hojalygymyzda we öňde baryjy hojalyklarda önümçilik tejribeliklerde bolup Hormatly Prezidentimiziň alyp berýän kämil, döwrebap bugdaý, pagta ýygýan kombaýnlara erk edip özleriniň goşantlaryny goşýarlar.

Häzirki döwürde pagtaçylar üçin iň möhüm döwür başlandy. Ekişi ylmy taýdan esaslandyrylan kadalara görä geçirip, öz wagtynda gögeriş almagyň örän uly ähmiýeti bardyr. Tohumlaryň hatasyz gögermegi ýerleri we tohumlary ekişe taýýarlamak işleriň hiline gönüden-göni baglydyr.

Ekiş möwsümine ýokary hilli gowaça tohumlary taýýarlandy. Olardan orta süýümli we inçe süýümli pagtanyň tohumlarynyň birnäçe görnüşleriniň bolmagydyr. Gowaça ekilende her welaýatyň toprak howa şertleri we ekilmeli tohumlar göz öňünde tutulýar. Şonuň üçin orta süýümli gowaça ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ekilýär. Olardan gowaçanyň “Ýolöten-7”, “Daşoguz-120”, “Ýolöten-39”, “Jeýhun” ýaly görnüşlere aýratyn üns berilýär. Toprak-howa şertlerine baglylykda ýurdumyzyň Ahal, Mary welaýatlarynda gowaçanyň inçe süýümli  “Ýolöten-14”, ýaly görnüşi ekilýär.

Gowaçanyň tohumçylyk işi ylmy esasda alnyp barylyp, amatly möhletlerde ekiş geçirilende bereketli pagta hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin mümkinçilikler döreýär. Ata-babalarymyzyň “Tohum al-da ýere bar, gögermese maňa gel” diýip aýdyşlary ýaly, tohumyň hiline ýokary baha beripdirler. Babadaýhanlarymyza topraga taşlan her bir tohumlarynyň gögermegini, müňlemegini we bereketli hasyl ýetişdirmeklerini arzuw edýäris!

Baýramgylyç Orazgeldiýew,
Orazsoltan Halmyradowa
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok