HGI-de täze nesil žurnalistika barada amaly sapak geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda amaly sapak geçirildi.

Bu sapagy InAshgabat web portalynyň redaktory, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň baş hünärmeni Merdan Ataýew alyp bardy.

Sapaga institutyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň bilim alýan talyplary gatnaşdy. Amaly sapak Türkmenistanda sanly ulgamy ösdürmek, şol sanda onlaýn žurnalistikany giňden ornaşdyrmak üçin alnyp barylýar işler barada giňişleýin gürrüň berildi.

Myhman ýaş žurnalistlere döwrüň talaplary barada maglumat berip, geljekki hünärlerinde olara näme garaşýandygy, nähili taýýarlyk görmeli we degişli tejribeleri toplamalydygy barada mysallar arkaly düşündirdi.

Söhbetdeşlik görnüşinde alnyp barlan amaly sapagyň ahyrynda Merdan Ataýew talyplaryň özlerini gyzyklandyrýan sowallaryna jogap berdi.

Çeşme:
https://iirmfa.edu.tm/new/practical-lesson-conducted-institute

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok