Täze ýyladyşhanada her hepdede geçirilýän pomidor ýygymy üçin 8 müň çemesi plastik gap ulanylar.
Ýakynda ýurdumyzda täze ýyladyşhanalaryň bir günde birnäçesi açylyp, işe girizildi. Şol gün Lebap welaýatynda 8,5 gektar meýdana golaýlaýan «Altyn bürgüt» hususy kärhanasyna degişli bolan ýyladyşhana açylyp, ulanylmaga berildi.
Bu ýyladyşhananyň beýleki ýyladyşhanalardan ýene bir tapawudy önüm satuwa goýberilende peýdalanylýan plastik gaplaryň ― ýaşikleriň hem hut şu ýerde öndürilýänligidir. Munuň üçin täze toplumda ýöriteleşdirilen önümhana gurlupdyr.
Esasy çig maly ýurdumyzda öndürilýän polietilen bolan gaplary öndürmek üçin Hytaý Halk Respublikasyndan getirilen kuwwatly tehnologik gurluşdan peýdalanylýar. Ol doly awtomatlaşdyrylandyr. Kuwwatly enjamyň kömegi bilen bu ýerde her 25 sekuntda uzynlygy 40, ini 30, beýikligi 14 santimetr bolan bir plastik gap öndürilýär. Bir gije-gündizdäki önümçilik bolsa 3 müň 300 gaba çenli ýetýär. Her gap 5 kilogram pomidor üçin niýetlenilendir.
Indi meýdany 8,5 gektara golaýlan ýyladyşhanada her hepdede geçirilýän pomidor ýygymy üçin 8 müň çemesi plastik gap ulanylýar.
Aýdylyşyna görä, bu ýerde bir gije-gündizde 3 müň 300 çemesi plastik gaby öndürmek üçin 1 tonna töweregi polietilen sarp edilýär. Önümhanada ornaşdyrylan goşmaça enjamyň kömegi bilen galyndysyz önümçilik doly üpjün edilýär. Bu enjam göwnemakul çykmadyk gaplary gaýtadan çig mala öwrüp, ikinji gezek önümçilige goşup bilýär. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berilýär.
Baýram Rüstemow,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebi.
Teswirler