Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzyň işewürlik we durmuş maksatly desgalaryň kemala gelýän ýeri bolan günorta künjeginde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Wise-premýer Ş.Durdylyýew alnyp barylýan sil suwlaryny sowujy akabalaryň we suw toplaýjy desgalaryň gurluşyk işleri, şeýle hem diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş Gündogar halklarynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň ýerleşdiriljek ýerleri, onuň töwereklerini abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi hem-de bu işler barada giňişleýin maglumat berýän taslamalary we çyzgylary görkezdi.
Häzirki wagtda Köpetdagyň etegindäki ajaýyp ýerlerde birnäçe binagärlik toplumlary gurlup, ulanmaga berildi. Bu binalar ýol-ulag düzümine degişli desgalar, seýilgäh zolaklary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, şäheriň bu künjeginiň gözelligine gözellik goşýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Hormatly Prezidentimiz dostluga, watansöýüjilige, merdanalyga çagyrýan ajaýyp eserleri bilen dünýäde meşhur bolan Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň we onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşynyň häzirki zamanyň ösen binagärlik çözgütlerine laýyk gelmelidigini belledi.
Şunda bu ýerlerde gurulýan desgalar Köpetdagyň etegindäki tebigy aýratynlyklar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir we olaryň taslamalary taýýarlananda häzirki zamanyň ösen tejribelerinden, milli binagärlik ýörelgelerinden we özboluşly tebigy aýratynlyklardan ugur alynmalydyr, ekologiýa meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Ş.Durdylyýewe, gurluşyk we binagärlik ministri R.Gandymowa, Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowa anyk tabşyryklar berdi.
Teswirler