Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Bedew batly öňe barýar Arkadagly Türkmenistan!” atly çäre geçirildi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň önümçilik-atçylyk bölüminiň uly atbakary N.Rahymowa Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan döwlet sylagyny hem-de Şa serpaýyny gowşurmak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, ussat atbakara “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly at dakyldy.
N.Rahymow mynasyp bolan sylag-serpaýlaryny buýsanç duýgusy hem-de tolgunma bilen kabul edip, tutanýerli zähmetine beren ýokary bahasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, behişdi bedewlerimiziň dünýä dolan şöhratyny artdyrmaga hem-de tohum aýratynlyklaryny kämilleşdirmäge, ýurdumyzyň seýisleriniň mynasyp neslini ýetişdirmäge geljekde hem önjeýli goşandyny goşjakdygyna ynandyrdy.
Şol günki dabara ýurdumyzda öz işini birkemsiz ýerine ýetirýän, güýç-gaýratyny, ussatlygyny, bilim-başarnygyny ajaýyp ahalteke bedewlerimizi ösdürmäge sarp edýän adamlara aýratyn üns we hormat bilen garalýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Bellenilişi ýaly, täze taryhy döwürde ahalteke bedewi okgunly ösýän Türkmenistanyň baş nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň dowamly arabaglanyşygynyň beýanyna öwrüldi.
22-nji martda hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Bu ýerde milli Liderimize ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi barada buşluk habary ýetirildi. Ony milli Liderimiziň hut özi seýisläp ýetişdirdi.
Eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň ýyl ýazgysyna girizilmäge mynasyp bu wakanyň çuňňur manysy bardyr, çünki ol täze durmuşda dikeldilýän iň gowy milli däpleriň dowamlylygyny alamatlandyrýar. Döwlet Baştutanymyz ak mermerli paýtagtymyzyň ýetip gelýän 140 ýyllygynyň hormatyna Akhanyň we Läle gyzyň taýyna Aşgabat diýip at goýdy.
Meşhur ata-babalarynyň şöhratly ýoluny dowam etjek Aşgabat atly taýyň dünýä inmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy “Ak şäherim Aşgabat” atly goşgyny ýazmaga ruhlandyrdy. Milli Liderimiz bu goşgyny ak mermerli paýtagtymyzyň taryhyna we gazanan üstünliklerine bagyşlanan “Aşgabat” atly täze kitabynda ýerleşdirmegi makul bildi.
Merkezi Aziýanyň merjen şäherine bolan söýgini wasp edýän şahyrana setirleriň döwlet Baştutanymyzyň agtygy Kerim Berdimuhamedowyň sazy esasynda ajaýyp aýdyma hem-de bahar baýramynyň belent senasyna öwrülendigini bellemek gerek.
Maksat DURDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
inžener-mehanika fakultetiniň talyby
Teswirler