25-nji martda türkmen-ýapon komitetiniň ýapon tarapyndan başlygy, “Itochu Corporation” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subaý bilen DIM-de wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirilip, onda köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga ýurdumyzyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de “Sumitomo Corporation” ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda Ýaponiýada öndürilen ýer gazýan hem-de awtomobil tehnikasynyň Türkmenistana getirilmegine gyzyklanma bildirýän ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri, Tokio şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 14-nji mejlisini geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem bilelikdäki taslamalara maýa goýmak meselesine we beýleki meselelere seredildi.
Teswirler