Dil taryhy, ruhy, medeni kökleri seljermekde, geçmişden şu gününi öwrenip, geljege akyl ýetirmekde uly ähmiýete eýedir. Diliň özi, taryhyň hiç bir döwründe hem könelmeýär, ýitip gitmeýär. Dil nesilden-nesle geçip, köpri bolup gidip otyr. Dil – ösýän, özgerýän hadysa. Onda halkyň sözleri, taryhy, geçen ýoly, däp-dessury, ahlagy, dünýägaraýşy jemlenendir. Dilimizde halkyň söýgüsi, buýsanjy, höwesi bardyr.
Ata Watanymyzyň ähli bilim ojaklarynda dil ugruna degişli dersler çuňdan öwrenilýär. Bu babatda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» uly buýsanç bilen belläp bileris. Dünýä dillerini öwrenmek ähli ugurlarda bilim alýan ýaşlara we zähmet çekýän dürli ýaşdaky hünärmenlere hem degişlidir. Dünýä bilen aýakdaş gitmeli döwürde, has-da bilimiň we kompýuter tehnologiýalarynyň kämilleşýän döwründe dünýä dillerini öwrenmek esasy orunda durýan wezipe hökmünde öňe çykýar.
Bir dil bilmekden iki dil bilmegiň, iki dil bilmekden üç dil bilmegiň artykmaçlyklary hakynda ýekeje bir mysal getireliň. Häzirki wagtda bütin dünýäde internet ulgamy giňden ornady, şol sanda biziň ýurdumyzda hem internet gündelik ulanylýan zatlaryň sanawyna girdi. Ýaşlaryň agramly bölegi internet ulgamy arkaly hat alyşýar. Internetden islendik zat hakynda gerekli maglumatlaryny toplap bilýär. Gerekli maglumatlarymyz internetde dürli dillerde ýerleşdirilendigine garamazdan, şol dilde gepleşýän adamlaryň sanynyň köplügine görä, biri-birinden tapawut edýär. Meselem, biz internetden islendik bir zat hakynda türkmen dilinde hem maglumat alyp bileris. Emma internetde rus diliniň dünýäniň esasy ýedi diliniň biridigi üçin türkmen dilindäkiden has köp maglumat bar. Eger ene dilimiziň daşyndan rus dilini, onuň daşyndan hem iňlis dilini biläýsek, internet ulgamyndan peýdalanmakda bu biziň üçin aşa peýdaly bolar. Internetde iňlis dilindäki maglumat rus dilindäki maglumatdan 11 esse köp. Internetiň «el-aýagymyza» öwrülen ýigrimi birinji asyrynda 11 esse köp maglumat diýmek bolsa dilde aňsat. Görnüşi ýaly, dünýä gapysy dil bilen açylýar.
Ine, ylmyň gazanan şeýle mümkinçilikleriniň hözürini görmek üçin bolsa, hormatly Prezidentimiziň sargaýşy ýaly, her birimiziň azyndan üç dili bilmegimiz zerur. Dil öwrenmekde bolsa, iň netijeli usul – öwrenýän diliňde birek-birek bilen köpräk gürleşmek, haýsydyr bir sözi ýalňyş aýtmakdan ýa-da diliň aýlanmazyndan çekinmezlik. Diňe ýalňyşmakdan çekinmeýän adam maksadyna ýetýär.
Amangül REJEPOWA,
Magtymguly adyndaky
TDU-nyň talyby.
Teswirler