Döwrebap ýyladyşhanalaryň açylyş dabarasy geçirildi

25-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Kaka etrabynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — “Oguz ýol” hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümçilik düzüminiň üstüni ýetiren döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri tarapyndan gurlan hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylda ulanylmaga berilýän, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen obasenagat toplumynyň täze desgalary munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýlelikde, obasenagat pudagynda ýöriteleşdirilen hususy kärhanalar azyk bolçulygynyň berkidilmegine, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiliklerini döretmek baradaky wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, ýurdumyzda öndürilýän azyk harytlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga hem-de eksportyny giňeltmäge uly goşant goşýarlar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan gök önümler ýetişdirilýän ýyladyşhanalaryň bir wagtda altysy dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. Bu önümçilik desgalary Ahal welaýatynyň Kaka we Ak bugdaý etraplarynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Görogly, Lebap welaýatynyň Çärjew, Mary welaýatynyň Sakarçäge etraplarynda gurlup, olaryň umumy meýdany 35 gektara barabardyr.

Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan bu ýyladyşhanalar ýylda 8 müň 750 tonna gök önümleri öndürmäge niýetlenendir. Häzirki zaman tehnologiýalary we suw tygşytlaýjy ulgamlar ornaşdyrylan ýyladyşhanalaryň işe girizilmegi bilen 400-e golaý täze iş orny dörediler diýip, milli Liderimiz belledi.

Geçen ýyl Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýetişdiren 37 müň 750 tonna pomidory daşary ýurtlara eksport edildi. Bu bolsa şondan öňki ýyl bilen deňeşdireniňde, 70 göterim köpdür. Şu ýylyň iki aýynda bolsa 16 müň tonna ter pomidor beýleki döwletlere iberildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şeýlelikde, hususy telekeçilerimiz daşary söwda gatnaşyklarynyň häzirki zaman usullaryny ele almak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli giňeldip, täze hyzmatdaşlary tapýarlar we bazarlary açýarlar. Bu bolsa ýurdumyzda önümçilikleriň köpelmegine, maýa goýum serişdelerini özleşdirip, täze kuwwatlyklaryň döredilmegine güýçli itergi berýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok