24-nji martda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine girişdiler. Daşoguz welaýatynyň kärendeçi daýhanlary bolsa gowaça ekişine 31-nji martda girişerler.
Düýn ir säher bilen ýurdumyzyň birnäçe welaýatlaryndaky ekiş üçin niýetlenen ýerlerde ýurdumyzyň il sylagly ýaşulylary “Bissimilla” diýip topraga bereket tohumyny sepdiler. “Biriň müň bolsun!”, “Ýylymyz bereketli bolsun, rowaçlyklara beslensin” diýen dilegler bilen gowaça ekiji tehnikalar herekete gitizildi.
Şu ýyl ýurdumyz boýunça 620 müň gektar gowaça ekmek üçin ýer taýýarlanylyp degişlilikde “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnasyny ýygnamak meýilleşdirilýär.
Ekiş üçin orta süýümli gowaça tohumlary saýlanylyp alyndy. Olaryň arasynda “Ýolöten-7″, Daşoguz-120”, “149 F”, “Gubadag 3”, “Ýolöten-39”, “Jeýhun”, “S-2606” ýaly tiz ýetişýän görnüşler bar.
Şu möwsümde dürli görnüşli traktorlaryň 7 müň 600-den gowragy, ekiş üçin niýetlenen gurallaryň 1 müň 700-den gowragy we beýleki oba hojalyk enjamlarynyň 5 müň 500-den gowragy ekiş üçin taýýarlanyldy.
Atajan EÝÝUPOW,
“InAshgabat” habarçysy, žurnalist
Teswirler