Hytaýda ýerleşýän tehnologiýa kompaniýasy “OPPO” täze tehnologiki önümleri bilen tanyşdyryş çäresini gurady. Şeýle hem, kompaniýa täze akylly sagady bolan “Band Style”-ni tanyşdyrdy. Bu akylly sagatlar 12 günläp zarýad berilmezden dakynylyp bilner.
“AMOLED” ekrany bilen enjamlaşdyrylan akylly goşar sagady, ýürek urşuny, ukyny yzarlamagy we 12 dürli maşk režimini synlamak ýaly dürli aýratynlyklary bilen ünsi özüne çekýär. Şol bir wagtyň özünde, gandaky kislorodyň mukdaryna yzygiderli gözegçilik edýän sagat, ajaýyp dizaýny bilen görenleri haýran galdyrýar.
126 x 294 piksel durulykda urga çydamly “AMOLED” ekrany bilen gelýän “OPPO Band Style”, öňünden ýüklenen 5 dürli sagat temasy bilen hödürlener. Ulanyjylar bu taýýar temalary saýlap bilerler ýa-da “HeyTap” programmasy arkaly enjamlaryna has köp sagat temalaryny ýükläp alyp bilerler.
Annageldi BÄŞIMOW,
D.Azady adyndaky
TMDDI-niň talyby.
Teswirler