“Şa Tumar” hususy kärhanasy sergide

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 23 ýyllygy mynasybetli gurnalan sergä gatnaşýan hususy kärhanalaryň ýene biri hem “Şa Tumar” hususy kärhanasydyr. Bu hususy kärhananyň hünärmeni Polat Amangeldiýew bilen söhbetdeş bolanymyzda ol bize şeýle gürrüň berdi:

Biziň hususy kärhanamyz öz işine başlan ilkinji günlerinden bäri halkyň islegini kanagatlandyrmaklygy baş maksady edip goýýar. Önümçilige ilkinji başlan uçurlarymyz biziň işgär sanymyz 20-den gowrak, önümlerimiz bolsa 5 görnüşdi. Häzirki wagtda bolsa önümlerimiziň görnüşi 120-den, işgärlerimiz bolsa 100-den gowrak. Biziň hususy kärhanamyzyň esasy önümleri egin-eşik ýuwujy, gap-gaç ýuwujy, agardyjy serişdeler, lagym açyjy serişdeler, ýag çözüji serişdeler, diş pastasy,şampunlar, aýna ýuwujy serişdeler, otaglara ys berijiler we beýlekiler hasaplanylýar. Mundan başga-da biziň önümlerimiz diňe bir içki bazarlarymyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem isleg bildirilýän harytlar hasaplanylýar. Biziň esasy eksport edýän ýurtlarymyz hökmünde Gazagystan, Özbegistan, Azerbeýjan, Gyrgyzystan, Owganystan, Russiýanyň käbir şäherlerini aýdyp bileris. Şeýle-de biz diňe ýokarda agzalan önümleri öndürmek bilen çäklenmän, şol önümleriň gaplaryny, ýagny plasstmassa önümlerini öndürmek bilen hem meşgullanýarys. Geljekde hem eksport edýän ýurtlarymyzyň sanyny köpeldip, önümçilikde hem çygly süpürgiçleriň kiçi görnüşlerini öndürmegi maksat edinýäris.

 Söhbetdeşligi ýazga geçiren:
Jennet HABYBOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok