NOWRUZ YRYMLARY

  • Nowruz gijesi asman bulutly ýa-da dumanly bolsa, ýyl ygally geler.
  • Nowruz güni irden ýere gyraw düşse, toprak hasylly bolar.
  • Nowruzda baglaryň çybyklarynda damjalar görnüp dursa, agaçlar hasylly   bolar.
  • Nowruzda suwuň ýüzi gyrpaklap dursa, tomus salkyn bolar.
  • Nowruzda Aý demirgazykdan dogsa, ýaz sowuk, tomus salkyn bolar, günortadan dogsa, ýaz gurak, tomus jöwzaly bolar.
  • Nowruzda gar, ýagyş ýagsa, ýyl örän ygally bolar.
  • Nowruzda örän yssy bolsa, ýylyň gurak geläýmegi ahmal.
  • Nowruzda gargalar gagyldaşyp ýörse, yzyndaky aýda salkyn boljakdygynyň   alamaty.
  • Semeni taýýarlanylýan wagty gögeren bugdaýyň gökje maýsasynyň ýüzüni gyrkyp alyp, ony saçbaga dakar ekenler sebäbi ol bagt getirýärmiş.
  • Nowruzda semeni bişiren adam ony ýedi öýe dadyrmaly. Şonda rysgalyň  ýetmiş esse bolup gaýdyp geler.
  • Nowruzda täze zat geýseň, şol geýim bagt getirermiş.
  • Nowruzda howa dymyk bolsa, ýaz gurak, tomus örän yssy bolar.
  • Nowruzda şemal demirgazykdan öwüsse, ýaz ýagyşly, tomus yssy bolar.
  • Nowruzda şemal günortadan öwüsse, tomus yssy, epgek bolar.
  • Nowruzda howa bulutly bolsa, iýun aýyna çenli bulutly bolar.
  • Nowruzda howa sowuk bolsa, däneli ekinler hasylly bolar.
  • Nowruzda ak ýürekden edilen arzuw hasyl bolarmyş.

Toplan: ATDAÝEWA MAHYM
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba

hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär mekdebiniň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok