Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň telekeçiler ýurdumyzyň altyn gaznasydyr diýen sözleri türkmen telekeçilerini zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Çünki, milli Liderimiziň başlangyçlary bilen milli ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk çygry—telekeçilik durnukly ösüşleriň aýdyň ýoluna çykdy. Garaşsyz döwletimizde bazar gatnaşyklary döwrebaplaşdyryldy. Türkmen telekeçileriniň irginsiz gözlegleri, aladalary netijesinde ýurdumyzda harytlaryň we önümleriň bolçulygyny döretmekde aýgytly ädimler ädilýär.
Mary şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän “Miweli ülke” hususy kärhanasynyň telekeçileri hem ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde bähbitli işleri bitirýärler. Tejribeli telekeçi Maksatmyrat Gurbanmuhammedowyň ýolbaşçylyk edýän bu hususy kärhanasynyň zähmetsöýer işgärleriniň tagallasy bilen ilata azyk önümleriniň dürli görnüşleri hödürlenýär. Biz hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli guralan sergide Maksatmyrat Gurbanmuhammedowyň özi bilen söhbetdeş bolduk.
-“Miweli ülke” hususy kärhanamyz 2016-njy ýylda esaslandyryldy. Hususy kärhanamyzyň harytlary “Marhaba”, “Hoşwagt”, “AltynBaş” haryt nyşanlary bilen halkyň arasynda meşhurlyga eýe bolýar. Ilata elýeterli nyrhlardan hödürlenilýän ýokary hilli önümlere bolan isleg barha ýokarlanýar. Kärhanamyzda goýaldylan süýt, arahis maňzy, kofeleriň dürli görnüşleriniň gelşikli gaplarda öndürilip, söwda nokatlaryna ugradylýar. Şeýle-de gök we miwe önümlerini ýylyň hemme paslynda talabalaýyk saklamak üçin ammarlar bar. Tomus aýlary üçin kuwwatly sowadyjylar bilen üpjün edilen bu ammarlar önümçiligiň üznüksizligini gazanmaga mümkinçilik berýär. Geljekde kärhanada makaron we tiz taýýarlanylýan unaş önümlerini hem öndürmekligi göz öňünde tutýarys. 2019-njy ýyldan başlap sitrus önümlerini, alma, banan, limon, mandarin ýaly önümleri öndürmäge başladyk. Biziň esasy maksadymyz hem ýurdumyzda getirilýän daşary ýurt harytlarynyň ornuny ýerli önümlerimiz bilen doldurmak bolup durýar. Şeýle-de hususy kärhanamyzda gök önümleri gaýtadan işleýän zawod hem hereket edýär. bu ýerde esasan miwe şerbetleri, konsirlenen önümler öndürilýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda “Miweli ülke” kärhanamyzyň wekilleri bolup, olar ýerlerde öndürilen önümleri söwda nokatlaryna ýerleşdirmek bilen meşgullanýarlar. Mundan başga-da hususy kärhanamyz tarapyndan gaýtadan işlenen günebakar çigidiniň ilkinji uly tapgyryny Owganystan Yslam Respublikasyna ugratdyk. Geljekde hem eksport boýunça mümkinçiliklerimizi has-da giňeltmegi göz öňünde tutýarys.
Biz telekeçilere işlemäge, ýurdumyzyň azyk bolçulygyna mynasyp goşant goşmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň hususyýetçileriniň adyndan köp sagbolsun aýdýaryn. Goý, Döwlet Baştutanymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!
Söhbetdeşligi ýazga geçiren:
Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
Teswirler