“MB” gerimini giňeldýär

“Muhammet Balkan” hojalyk jemgyýeti 2009-njy ýylda esaslandyryldy. Önümçilige gurluşyk-binagärlik pudagyndan başlan bu hususy kärhana häzirki wagtda 4 ugur boýunça iş alyp barýar. Olar köwüş önümçiligi, haly önümçiligi, restoran-biznes we gurluşyk işleri. Olaryň hersi barada aýratyn durup geçenimizde biziň öndürýän köwüşlerimiz arassa deriden taýýarlanylýar. Deri önümlerinden köwüş öndürýän kärhanamyz Arçmanda ýerleşýär. Häzirki wagtda aýallar, erkekler we çagalar üçin ýazky kolleksiýa öndürilýär. Haly önümçiligi boýunça sehimiz Büzmeýinde ýerleşýär. Haly fabrigimizde 100-den gowrak işgär zähmet çekýär. Restoran-biznes ugry boýunça bolsa, paýtagtymyzyň iň gelim-gidimli ýeri bolan “Berkarar” söwda dynç alyş merkezinde “MB” restorany hereket edýär. Gurluşyk pudagynda hem biziň hususy kärhanamyz köpsanly işleri alyp barýar.

“MB” hususy kärhanasy esaslandyrylan senesine 12 ýyla golaý wagtyň bolandygyna garamazdan ýurdumyzda özüni tanatmagy başardy. Sebäbi biziň öndürýän önümlerimiz halkymyzyň esasy isleg bildirýän harytlary hasaplanylýar. Hususy kärhanamyzyň bir bölegi bolan “MB shoes” öndürýän köwüşlerini daşary ýurtlara eksport etmekligi maksat edinýär. –diýip hususy kärhananyň menejeri Alina Ahmedowa gürrüň berdi.

“Muhammet Balkan” hojalyk jemgyýeti hem hormatly Prezidentimiziň hususy telekeçilere döredip berýän mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, öz önümçiligini barha giňeldýär. Biz hem bu hususy kärhana diňe öňegidişlikler arzuw edýäris!

Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok