BÜTINDÜNÝÄ INÇEKESEL GÜNI

Her ýyl, 24-nji martda, inçekeseliň saglyga we jemgyýete ýetirýän zyýany we inçekeseliň ykdysady täsiri barada habardarlygy ýokarlandyrmagy maksat edinýän “Bütindünýä inçekesel güni” (World Tuberculosis Day) bellenilýär.

1882-nji ýylyň bu güni,  nemes doktor Robert Koç inçekesele sebäp bolýan bakteriýany tapyp, bu keseli anyklamaga we bejermäge mümkinçilik döredendigini mälim etdi. Inçekesel dünýäde iň ganly ýokanç keselleriň biri bolup, her gün bu öňüni alyp bolýan we bejerip bolýan keselden 4000-den gowrak adam ölýär we 30 müň töweregi adam bu kesel bilen kesellär. Inçekesele garşy göreşmek boýunça global tagallanyň netijesinde 2000-nji ýyldan bäri 58 million adam halas edildi. Inçekesele garşy göreşi we ýurduň maksatlaryna ýetmek üçin 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda döwlet baştutanlary ilkinji gezek BMG-nyň ýokary derejeli ýygnagyny çagyrdylar, şol ýerde inçekeseli ýok etmek barada giňişleýin gürrüňler we oňa garşy göreşmek babatda edilip bilinjek. 2020-nji ýylda Bütindünýä inçekesel güni, “Hereket etmegiň wagty” şygary bilen geçirildi. 

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy “Bütindünýä inçekesel gününiň” çäginde inçekeselden ejir çeken hökümetleri, jemgyýetleri, raýat jemgyýeti guramalaryny, saglygy goraýyş edaralaryny we milli, halkara hyzmatdaşlary “Inçekeseli açyň, hemmesini bejeriň, ýok ediň” şygary bilen birleşmäge çagyrýar. Inçekeseliň iň uly ýüki 2018-nji ýylda sekiz ýurtda boldy: Bangladeş, Hytaý, Hindistan, Indoneziýa, Nigeriýa, Päkistan, Filippinler we Günorta Afrika. Braziliýa, Hytaý, Russiýa Federasiýasy we Zimbabwe ýaly inçekesel agyrlygy bolan ýurtlarda  bejergi alýan inçekesel bilen kesellänleriň 80% -inden gowragyna ýetdi.

.

Amangeldi GURBANBERDIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklar institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň  III ýyl talyby.

                                                                                                            

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok