«Erbet howa ýokdur, eger-de gowy taýynlyk görülse, howanyň her bir görnüşi gowudyr», – diýen şygar meteorologiýa gullugynyň işgärleriniň arasynda uly meşhurlyga eýedir.
Her ýylyň 23-nji martynda dünýä meteorologiýa jemgyýetçiligi öz hünär baýramy bolan Bütindünýä meteorologiýa gününi belleýär. 1950-nji ýylyň 23-nji martynda Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň Konwensiýasy güýje girip, bu resminamanyň esasynda bu gurama döredildi. Häzirki wagtda onuň agzalygyna dünýä döwletleriniň 187-si hem-de 6 sany territoriýa girýär.
Guramanyň esasy wezipesi howa we suw meselelerini çözmekden ybarat bolup durýar. Oňa agza bolan döwletler öz arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk alyp baryp, atmosferanyň, gury ýeriň, deňizletip, ummanlaryň, derýalaryň ýagdaýy barada maglumat alyşýarlar. Alnan maglumatlaryň esasynda bolsa howa maglumaty taýýarlanylýar we howply gidrometeorologiýa hadysalary barada duýdurylýar. Guramanyň esasy üstünlikleriniň biri bolsa howany öwrenmek boýunça bütindünýä maksatnamasynyň hem-de Bütindünýä howa gullugynyň döredilmegi bolup durýar.
Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň esasy iş ugry dürli ýurtlara meteorologiýa we gidrologiýa hyzmatlary ýerine ýetirmekde ýardam bermekdir. Howanyň üýtgemeginiň mümkin boljak täsirleri barada maglumaty ýaýratmak maksady bilen hünär baýramy geçirilýär, çünki şu günki günde howanyň çalt depginde üýtgemegi adamzadyň duçar bolan iň uly ekologik meseleleriniň biri bolup durýar.
Bu gurama oňa agza bolan ýurtlary gidrometeorologiýa maglumatlary bilen üpjün edýän Bütindünýä howa gullugynyň işiniň netijeli hereket etmegine ýardam berýär. Onuň netijesinde bolsa biz gündeki günde ýakyn geljekdäki howa şertlerine taýyn bolmagymyza kömek edýär.
Biziň ýurdumyzda meteorologiýa meseleleri boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy iş alyp barýar. Ýurdumyzyň çägindäki meteostansiýalar Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň ýeketäk ulgamynda degişli bolup durýar. Stansiýalaryň ýerleşişi Türkmenistanyň çäginden takyk meteorologiýa maglumatlarynynyň alynmagyny üpjün edýär. Şeýlelikde, Gullugyň resmi internet sahypasynda (http://www.meteo.gov.tm) ýurdumyzyň şäherleriniň 19-sy üçin howanyň temperaturasy, ýagdaýy, atmosfera basyşy, şemalyň ugry we tizligi, howanyň çyglylygy barada maglumat ýerleşdirilýär.
Türkmenistanyň ilkinji Meteorologiýa býurosy 1926-njy ýylyň 14-nji iýulynda döredildi we şu ýyl öz 95 ýyllygyny belleýär.
.
Çowdyrow Yhlas,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara
hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Teswirler