Suw damjasy – altyn dänesi

Suw – ýaşaýan palanetamyzda iň köp ýaýran organiki däl birleşme bolup, tebigatda suwuk, gaty, gaz halynda saklanýar. Suw ähli ýaşaýyş hadysalarynyň esasydyr, fotosintez hadysasynda kislorodyň ýeke-täk çeşmesidir. Suw diňe bir suw toplumlarynda däl-de, howanyň we topragyň, ähli janly-jandarlaryň düzüminde, umuman, biosferanyň ähli çäklerinde saklanýar. Janly organizmler özleriniň biomassasynda 80-90%-e çenli suwy saklaýar we onuň 10-20%-iniň ýitirilmegi ölüm howpuny abandyrýar.

Ülkämiziň suw baýlyklary ýurdumyzyň tebigy genji-hazynasynyň iň gymmatly bölegidir. Çünki suw halk hojalygynyň ähli pudaklary we ulgamlary üçin iňňän zerurdyr. Şeýle agyz suwy bilen üpjünçilik halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda suw meselesinde bitirilýän ägirt uly işler hut şu durmuş hakykatyndan gözbaş alýar. Netijede, halkymyzy arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek, ekerançylyk meýdanlarynda suwy tygşytly we netijeli ulanmak, suw üpjünçiligi ulgamynda täze döwrebap tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak barada alnyp barylýan işleriň gerimi ýylsaýyn giňelýär.

Welaýat merkezlerinde, etrapdyr, şäherlerde gurlup, ulanylmaga berlen suw arassalaýjy desgalary, suw howdanlary halkymyzyň suw bilen  üpjünçiliginde döwrebap mümkiçilikleri döretdi. “Altyn  asyr” türkmen kölüniň gurulnagy bolsa, ýurdumyzyň ykdysady ösüşi we ekologiýa şertleriniň gowulandyrylmagy babatynda möhüm ähmiýete eýedir. Çünki her damjasy eşrepi deýin ezizlenilýän keramatly suw Berkarar döwletiň  bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň eşretli, bolelin, bagtyýar durmuşyna, bagtly geljegine hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiz suw barada amala aşyrýan döwlet syýasatynda ekerançylykda we senagatda ulanylan suwlary gaýtadan ulanmak arkaly suw goruny artdyrmaklyga, suw baýlyklaryny tygşytlamaklyga we ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmaklyga, suw tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalardan giňden peýdalanmaklyga, şeýle-de öz raýatlarymyzyň ýokary hilli agyz suwy bilen üpjünçiligini yzygiderli artdyrmaklyga aýratyn uly üns berýär.

Aýgül ABYLOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok