Kompas barada

Kompas – ugurlary kesgitlemek üçin enjamdyr. Kompaslar Ýeriň magnit meýdany bilen ýa-da ýyldyzlar bilen ugry kesgitlemek bilen işleýärler. 

Ilkinji kompaslar magnit ulanyp öndürildi. Ilki bilen deňizçiler kiçijik magnit bölejigini çöpüň üstünde goýup suwa salanlarynda, çöpüň Ýeriň magnit meýdanynyň çyzyklary bilen gabat gelýändigini, bir ujunyň bolsa polýus ýyldyzyny görkezýändigini bildiler. 

 Kompas XII asyrda hytaýly we ýewropaly deňizçiler tarapyndan oýlanylyp tapyldy. Başga bir teoriýa görä, ilki hytaýlylar tarapyndan ýüze çykaryldy we araplaryň üsti bilen Ýewropa siwilizasiýasyna ýetdi.

Magnit kompasyň iň möhüm bölegi bolan we magnit meýdanyndaky kompas iňňesi, erkin hereket edip biler ýaly, kompas göwresine oturdylýar. Kompasyň iňňesi elmydama şol bir ugra gönükdirilýär. Iňňäniň hemişe şol bir ugra gönükdirilmegi, ýer ýüzünde iňňäni çekýän bir güýjüň bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Kompasyň birnäçe görnüşleri bar. Olar: gury ýer, howa we deňizçiler we ş.m.

Humaý MÄMMEDOWA,
D.Azady adyndaky Türkmen milli
dünýä dilleri institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok