Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda türkmen halkymyzyň mukaddes däp-dessurlaryny, gadymdan bellenilip gelinýän ajaýyp baýramçylyklaryny ýitirmän, öňküsinden hem baýlaşdyryp belläp geçmek netijeli ýola goýuldy. Şol milli baýramçylyklarymyzyň iň naýbaşylarynyň biri hem Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz günüdir.
Nowruz dünýäniň ençeme halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hem kalbynda we hakydasynda ençeme asyrlar bäri ýaşap gelýän iň gadymy baýramlaryň biridir. Gözelligiň we joşgunly ýaşaýşyň bu nurana baýramy biziň döwletimizde halklary birek-birege ýakynlaşdyrýan, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini hem-de zähmetsöýerligi rowaçlandyrýan, dünýä derejesinde dostluga we hoşniýetlilige çagyrýan halkara baýramlaryň birine öwrüldi. Nowruz baýramynyň dünýä medeniýetinde tutýan uly ornuny halklara ýaýmak, bu baýramyň gymmatyny has-da baýlaşdyrmak maksady bilen, milli Nowruz baýramy 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda 24 döwletiň goldamagynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň, Täjigistanyň, Eýranyň teklip etmegi netijesinde bolsa 2010-njy ýylyň fewral aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny Halkara Nowruz güni diýip yglan etmek barada ýörite Rezolýusiýa kabul edildi.
Halkymyz ajaýyp bahar paslynyň gelmegini elmydama ýaşaýşyň täzeden başlanýan başlangyjy bilen baglanyşdyrypdyrlar, ol täzeden döreýşiň alamaty bolup, özi bilen diriligi we şatlygy getirýär. Şonuň üçin bahar baýramy diňe türkmenleriň arasynda däl, eýsem beýleki Gündogar halklarynda hem esasy we söýgüli baýramlaryň biridir.
Nowruz – now – täze, ruz – gün diýmekligi aňladyp, gadym döwürlerden bäri bellenilýän meşhur täze ýyl baýramydyr. Biziň ata-babalarymyz ölmez-ýitmez ýadygärligi bolan mukaddes kitaby “Awestada” täze ýylyň başy gije bilen gündiziň bahardaky deňleşen gününe gabat gelýär diýlip bellenip geçilýär.Antik döwrüniň taryhçysy Kwint Kursiý Rufuň ýazmagyna görä, gije-gündiziň deňleşen gününde ir bilen patyşanyň çadyrynyň depesindäki gümmeze Günüň ilkinji şöhlesi düşende, Günüň çekilen suratyny ýokary göteripdirler we şondan soň hem baýramçylyk başlanypdyr.
Nowruzda ösümliklerden taýýarlanýan naharlara aýratyn üns berilýär. Bar bolan däbe görä, baýramçylyk saçagyna ýedi dürli tagam goýmaly, ýagny däneli ösümlikleriň ýedi görnüşi bolan bugdaý, arpa, dary, tüwi, mäş, nohut, noýba ýaly ösümliklerden taýýarlanmaly. Taýýarlanýan tagamlar: semeni, nowruz ýarma, unaş, köje, meşeke, süýtlaş ýaly tagamlardyr. Baýramçylyk saçagy dürli süýjiler, kökeler bilen hem doldurylýar. Nowruz gününde iýip-içmegi bir owurt süýtden başlamak gowy alamat hasaplanýar. Semeni we nowruz ýarmasy hödür edilýän tagamlaryň iň ýörgünlisidir. Semeni gaýnadylandan soňra, gazanyň gapagyny bir gije ýapyp goýýarlar. Ertesi irden gazanyň gapagyny obada iň mertebeli aýala açdyrýarlar. Şol ynanja görä, gazanyň gapagyny kim ilkinji bolup açsa, şol hem tagamyň ýüzünde Äşe-Patmanyň barmak yzyny görýärmişin. Semeniden öýe gelen ähli myhmanlara hödür edilýär.
Türkmen nusgawy edebiýatynyň wekilleri hem Nowruzy öz goşgularynda wasp edipdirler. Şebende Nowruz gelende bütin dünýäniň janlanýandygyny, Gün çykyp, ähli janly-jandara giň ýol açylýandygyny ýazýar. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy bu baýrama özüniň “Nowruzdan”, “Jahan peýda” atly iki goşgusyny bagyşlaýar. Şahyr “Jahan peýda” atly goşgusynda ony şeýle taryplaýar:
Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,
Ebrler awaz urup, dag kylar duman peýda,
Bijanlar jana girip, ederler dahan peýda,
Görmedigiň giýalar, gögerip rowan peýda,
Aýdarlar haýwanatga hem sudy-zyýan peýda,
Ýer ýüzünde ýaýylyp,ýörirler nahan peýda,
Wabesde dahan guşlar kylarlar zyban peýda.
Nowruz baýramynda gelin-gyzlaryň, ýetginjekleriň owadan geýnişip, seýle çykyşlaryny görmäge göz, taryplamaga söz gerek. Berkarar döeletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň milliliklerini, gadymy däp-dessurlarymyzy dünýä halklaryna ýaýmakda bitirýän ajaýyp hem-de beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
.
Gytja ATDAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara
žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler