Nowruz– köňülleriň baýramy

Berkarar döwletimiziň bagtyýalyk döwründe Hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen güneşli Watanymyzda toýlar toýa, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Gözbaşyny irki döwürden alyp gaýdýan, pasyllaryň soltany bahar paslynda bellenilýän Nowruz baýramy Gündogaryň beýleki halklary bilen birlikde türkmen iliniň hem uludan tutýan toýlarynyň biridir.

2010-njy ýylda Birleşen milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy her ýylyň mart aýynyň 20-sini Halkara Nowruz güni  diýip yglan etmek baradaky Karar kabul etdi. Bu baýramçylyk Gündogar halklarynyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny dünýä ýaýmaga uly goşant goşýar.

Halkara Nowruz baýramy gadymdan gelýän baýram. Ýunus Emre, Jelalettdin Rumy, Omar Haýýam, Garajaoglan, Baýram han, Enweri, Döwletmämmet Azady, Andalyp Şeýdaýy, Magtymguly, Kemine, Seýdi, Zelili, Kätibi ýaly ençeme nusgawy şahyrlarymyz uly hyjuw bilen Nowruzy wasp edipdirler.  Magtymguly Pyragy «Duman peýda» goşgusynda:

Gelse nowruz äleme, reňk kylar jahan peýda,
Ebrler owaz urup, dag kylar duman peýda,
Bijanlar jana gelip, açarlar dahan peýda,
Gögermedik giýalar, gögerip rowan peýda,
Ederler haýwanatga hem sud-u zyýan peýda,
Ýer ýüzüne ýaýylyp, ýörirler nahan peýda,
Wabeste dahan guşlar kylarlar zyban peýda.

Omar Haýýam «Nowruznama» eserinde «Şeýdip dünýäniň taryhy başlandy» diýip ýazsa, Magtymguly atamyz:

                        Gökde ýyldyz hormaty,
                        Ýerde Nowruz hormaty,
                        Gije- gündiz hormaty
                        Günähim güzeşt eýle!

 diýse, Baýram şahyr bolsa Nowruzy şeýle beýan edipdir:

Bu gün Nowruz, bu gün baýram, bu gün toý,

Gaýgy-gamsyz şatlyk eder her bir öý…

diýip, bahar baýramyna uly hormat goýýar. Halkara Nowruz baýramynyň taryhy kökleri barada Mahmyt Zamahşarynyň «Ýagşyzadalaryň bahary» atly köp jiltli eseriniň birinji kitabynda hem agzalyp geçilýär.

Bahar hemişe tebigatyň janlanmagy bilen baglanyşdyrylypdyr, ol täzelenşiniň üýtgewsiz nyşany bolmak bilen, şatlyk we tebigata janlanyş getiripdir. Nowruz iň gadymy döwürden bäri belli bolan täze ýyl baýramydyr. Mukaddes «Awesta» kitabynda ol täze ýylyň başynyň ýazky gije-gündiziň deňleşýän wagtyna gabat gelýändigi barada bellenilýär. Şonuň üçin bolsa gerek «Ýylyň nähili boljakdygy  Nowruzdan görüner» diýen pähim öňden bellidir. Nowruzyň öňi syrasynda ot ýakylyp, ondan obanyň ilatynyň ählisi böküp geçip, günälerini ýuwupdyrlar. Nowruzda esasan ösümliklerden taýýarlanylan tagamlary iýipdirler. Et we süýjilikler goşulan tagam uly gazanlarda bişirilipdir. Baýramçylyk saçaklarynyň başyna, şol gün öýe gelenleriň ählisi geçipdirler.

Nowruzda birek-birege myhmançylyga baryp, hoş arzuwlar edýärler, gülüşip-degişip,  bir-birlerine şatlyk paýlaýarlar. Täze lybslar geýip, göwünlerini galkyndyrýarlar. Hiňňildiklerde uçyp ýagşy arzuwlar edýärler.

Halkara Nowruz baýramyny bellemek däbi bize ata-babalarymyzdan galan ajaýýyp baýramçylykdyr. Halkara Nowruz milli baýram hökmünde halkymyzyň urp-adatlaryna, däp-dessuryna ebedilik ornaşypdyr. Musulman ýurtlarynyň köpsüniň Gün senenamasy boýunça Nowruzdan soň täze ýyl başlanýar. Käbir halklarda Nowruzy öýüňde garşylamak göwnelaýyk hasaplanypdyr. Şeýle-de, ir döwürlerden bäri bellenip  gelinýän Nowruzda ýedi dürli däneli ekinden ýedi dürli tagam taýýarlanyp birek birege hödür-kerem edilipdir. Onuň iň datly tagamlarynyň biri hem semenidir. Mundan başgada, baýramçylyk däplerine görä, at çapdyrypdyrlar, milli oýunlarymyzy oýnapdyrlar, göreş tutupdyrlar. Şäherleriň we obalaryň köçelerinde Nowruzyň gelýänini duýduryp, jarçylar jar çekipdirler, halky oýunlar bilen bahary garşy alypdyrlar. Gyzlar läle kakyp ýigitler at çapyp bäsleşipdirler. Mahlasy bu baýramda uly-kiçi hemmäniň kalby diňe hoşniýetli arzuw umytlara beslenipdir.

Ylmy-tehnologiki ösüş döwründe, ýagny biziň döwürdeşlerimiz, pederlerimiziň däbine eýerip Nowruz baýramyny has giň, has şowhunly bellemäge başladylar. Ol güler ýüzliligiň, şadyýanlygyň, sahylygyň alamatyny özünde jemleýär. Halkara Nowruz baýramçylygy halklary biri-birine golaýlaşdyrýar.

Biziň ülkämizde Nowruz baýramy has giňden bellenilýär. Obalarda, şäherlerde, ýörite meýdançalarda hiňňildikler dikilýär. Hiňňildigem, onuň töweregem, her jaý bezelýär. Al-elwan bolup duran meýdanda hoş owazly gyz-gelinler, basan ýerinden ot çykyp duran ýigitler bezelen geýinişip, owsun atyp ýöriş edýärler, aýdym aýdyp, saz çalýarlar, tans oýnaýarlar. Ýaz ýakymly gelin-gyzlarymyz monjuk atdy oýnaýarlar.

Monjugatdylardan:

Nowruz geldi, ýaz geldi,
Garga gitdi, gaz geldi.
Oturan adamlara,
Bilbilden owaz geldi.

Geldi täze Nowruzlar,
Seýrana çykdy gyzlar.
Ýaryň gyýa bakyşy,
Ýürek bagrymy duzlar.

Nowruz geldi bu gije,
Gije atarlar bije.
Kimiň bijesi çyksa,
Baýragy horaz-jüýje.

Türkmen halkyna baky bagtyýarlyk baharyny peşgeş beren Gahryman Prezidentimiziň ähli döwletli tutumlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! Bagtyýar zamanamyzyň waspy älem jahana ýaýylsyn! Halkara Nowruz baýramyňyz gutly bolsun!

Mähektäç MAKSADOWA,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň
Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň
5-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok