Tokaýlar tebigatyň aýrylmaz bölegidir. Ýer şarynda tokaý zolaklarynyň köp bolmagy ekologiýa howasynyň arassalygyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Tokaýlary gorap saklamak we howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmak maksady bilen dünýäde Halkara tokaý güni esaslandyrylýar.
Bu halkara güni, tokaýlary goramak mowzugyna bagyşlanan we 2013-nji ýylyň 21-nji martynda ilkinji gezek bellenilen baýramçylykdyr. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2012-nji ýylyň 21-nji dekabryndaky karary bilen döredilýär.
Dünýädäki uglerod zyňyndylarynyň takmynan 12-18% -i tokaýlaryň ýok edilmegine sebäp bolýar. Bu bolsa ähli ulaglardan çykýan CO2 zyňyndylarynyň mukdaryna deňdir. Şeýle-de, ýer janly-jandarlarynyň 80%-i tokaýlarda ýaşaýar. Her ýylda takmynan Angliýanyň tutýan meýdanyny eýeleýän ululykda, ýagny 13 million gektardan gowrak tokaý agaçlary çapylyp, olaryň azalmagyna getirýär. Şunuň bilen baglylykda tokaýlaryň çapylmagyny azaltmak boýunça dürli çäreler görülýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Halkara tokaý gününiň döredilen wakasy boldy. Onuň döredilmeginde ozal tokaýlary çapmak meselesine bagyşlanan iki sany halkara çäresi bardy: 1971-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy Guramasy (FAO) tarapyndan döredilen Bütindünýä tokaý hojalygy güni we Tokaý güni bolup, ol her ýyl Halkara tokaý hojalygy gözleg merkezi tarapyndan gurnalýar.
.
Şahnoza EMINOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Teswirler