Halkara Nowruz baýramy

Milli bahar  baýramynyň gelmegi bilen, türkmen halky uly ruhubelentlik bilen garşy aldy .Bahar baýramynyň gelmegi bilen,gyşyň sowuk aýazlaryndan ýaňa ýygrylan, uzyn gijelerden ýadap birneme tukatlanan adamlar ýagty hem dury asmana,güneşiň ýene ýakymly şöhlelerine,tebigatdaky oýanyşy garşy alýarlar.

Nowruz dünýäniň ençeme halklarynyň,şol sanda türkmen halkynyň hem kalbynda we hakydasynda ençeme asyrlar bäri ýaşap gelýän iň gadymy baýramlaryň biridir.Baharda açylan gül-gülälegi,görmäge göz,taryplamaga söz gerek.Tämiz howanyň gözelligine görk goşýan guşlaryň sesi,çagalaryň şat gülküsi,olara öz mährini siňdirýän mährem eneler,bägül dek açylan owadan gelin-gyzlarymyz baharyň gelşigidir.

Asyrlar we ýyllar geçýär,ýöne türkmeniň taryhyn-dan bu baýramçylyk häzirki günlere çenli ýetip gelmek bilen ol biziň ýüregimizde öçmejek  merjen bolup galmak bilen,bize hoşniýetlilik we gözellik duýgularyny peşgeş  bermegini dowam edýär.

,,Türkmenistan-halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany’’ şygary astynda başlanan 2021-nji ýylda ýurdumyzda  Halkara Nowruz güni mynasybetli ähli baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesine geçirmek üçin dürli tagalla-lar edilýär.2010-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň   64-nji mejlisinde 21 –nji mart Halkara Nowruz güni diýlip yglan edildi.Şondan bäri hem türkmen halky her ýylyň 21-nji martyny Halkara Nowruz gününi uly dabara bilen belläp geçýär.Halkara Nowruz gününe bagyşlanan baýramçylyk çäreleri Türkmenistanyň ähli sebitlerinde bellenilip geçilýär.

Häzirki wagtda  Nowruz baýramy iň  gadymy we häzirki däp-dessurlaryň köpdürlüligi we özboluşlygy bilen tapawutlanýandygyna we täze many mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyna, biziň mirasymyzyň bolsa ,häzirki nesiller tarapynda dowam etdirilýändigine ýene-de bir gezek göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.  

Nowruz baýramynyň özboluşly tagamy bolan-semeni hem-de dürli türkmen milli naharlary taýýarlanylýar ,bu bolsa türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlaryna hormat goýýandygyny aňladýar. Diýmek,Milli bahar baýramy bolan Nowruz güni birek-birek bilen  hoşnyýetli gatnaşyklaryň ,ynsanperwerligiň,dost -doganlygyň, asuda hem-de parahat durmuşyň yşaratyny has-da parahatçylygy we ynanyşmagy  alamatlandyrýan  ata-babalarymyzdan  we pederlerimizden miras galan gadymy baýramydyr.

Döwletmyrat Gurbandurdyýew
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň 1-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok