Bütindünýä Şygryýet güni

Şahyrlyk dünýäsi ýer ýüzüniň islendik künjeginde ýaşaýan adamlar üçin özboluşly, aýratyn, düşnükli dil. Şygyr bolsa halklary we medeniýetleri özara baglaşdyrýar, birleşdirýär, her bir adamy biri-birine ýakynlaşdyrýar. Şahyrlar öz hyýaly dünýäsine nädip çümmelidigini öz içki dünýäsindäki pikirleri nähili ýüze çykarmalydygyny has gowy bilýärler we şonuň netijesinde bolsa hemmeleriň ünsüni özine çekýän nepis döredijilik çeşmesi ýüze çykýar.

Bütindünýä şygryýet güni her ýylyň 21-nji martynda bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk güni Birleşen Milletler  Guramasynyň Bilim, Ylym we Medeniýet Guramasy bolan Ýunesko-nyň 1999-njy ýylyň 15-nji noýabrynda geçirilen Baş konferensiýasynyň 30-njy mejlisiniň karary bilen döredildi. Bu baýramçylyk güniniň döredilmeginiň esasy maksady hem şygyrýet äleminiň has-da ösmegine itregi bermekdir. Ilkinji gezek Bütindünýä Şygryýet güni Ýunesko-nyň baş edarasy ýerleşýän Parizde bellenildi. Şeýle ajaýyp güniň döredilmeginiň netijesinde bolsa medeniýet bilen tanyşlyk bolýar, adamlar täze ýazyjylar bilen tanyşýarlar,ylym-bilim alýarlar we şygryýet älemine adamlaryň içki dünýäsinde, ýüregimizde döredýän duýgulary we pikirleri arkaly düşünýärler.

Bu güniň resmi taýdan diňe 1999-njy ýylda yglan edilendigine garamazdan, Bütindünýä Şygryýet güniniň taryhy 1938-nji ýylda başlaýar. Hut şol ýylda meşhur şahyr Tessa Sweýzi Webb şeýle gün döretmek babatynda başlangyç bilen çykyş edýär we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ogaýo ştaty bu islegi goldaýar hem-de 15-nji oktýabr goşgy güni diýlip yglan edilýär. Baýramçylyk  güniniň 15-nji oktýabrda bellenilmeginiň esasy sebäbi bolsa, şu günde meşhur Gadymy Rim şahyry Wirgiliň doglan günidi. 1950-njy ýyla çenli Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 38 ştatynda Şygryýet güni bellemek däbi döredildi we Meksikada bu gün Milli Şygryýet güni hökmünde bellenilip başlanyldy. Dünýäniň beýleki ýurtlary hem bu däbi kabul etdiler we bu baýramçylyk entek resmi taýdan ykrar edilmesede bütin dünýä ýaýrady.

 Ýunesko Bütindünýä Şygryýet gününi belläp şahyrana sözüniň, şygryýetiň adamda döredijilik ukyplaryny oýarmak üçin ajaýyp ukybyna ünsi çekýär. Bütindünýä şygryýet güni şahyrlaryň edebi eserlerini okyjylara ýetirýän, gadymy şahyrana sözüniň köne däp-dessurlaryny dikeldýän eserlerde özlerini has giňden ýaýratmaga mümkinçilik bermek üçin niýetlenendir. Şygyr ýurtlary, halklary, medeniýetleri birleşdirýär we adamlara birek-birege düşünişmäge kömek edýär. Bütindünýä Şygryýet güni, ýer ýüzüniň her bir ýaşaýjysynyň ünsüni şygryýet äleminiň özboluşly aýratynlyklaryna çekmek, adamyň döredijilik ukyplaryny oýarmak üçin örän uly mümkinçilikdir.

Beggeldi GUTLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara
Gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniňTalyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok