21-nji mart Halkara Down Sendrom güni

Down Sendrom keseli gen hromosomalary bilen bagly kesel bolup, ol ilkinji gezek 1866-njy ýylda iňlis lukmany John Langdon Down tarapyndan anyklanyldy. Onuň alyp baran barlaglarynyň netijesinde bu kesel esasan hem täze doguljak çagalaryň bedeninde goşmaça,  ýagny 47-nji hromosomanyň döremegi bilen baglanşykly ýüze çykýandygy mälim edildi. Bu kesel çaga entäk dogulmanka peýda bolýar we özüniň zyýanly täsirini bütin ömrüniň dowamynda saklaýar. 

Down Sendrom keselli çagalarda  fiziki ösüşiň gijä galmagy, ýeňil we orta intellektual maýyplyk bilen bir hatarda  häsiýetli ýüz aýratynlyklarynyň bolmagy ýaly käbir ýetmezçilikler hem bolýar.  Ýagny şeýle keseli bar bolan çagalaryň ýüzleri hem-de kellesiniň arka tarapy tekiz, boýny, gollary we aýaklary adaty ýagdaýdan kiçi, gysga we giň barmakly,  dili  uzyn we köplenç daşynda  bolýar. Şunuň ýaly köpdürli alamatlary bolan bu keselli çagalary aňsatlyk bilen tanap bolýar. Down sindromly 50 ýaşly  uly adamlaryň akyl taýdan pikirlenip bilijilik ukyplylygy 8 ýa-da 9 ýaşly adamlaryň akyl ukybyna deňdir.

Gen hromosomalary bilen bagly bu kesel çagalaryň köpüsinde dogabitdi gan aýlanyş we dem alyş näsazlyklaryny hem ýüze çykaryp  bilýar. Bu çagalar dogulanda agramy uzynlygy we kellesiniň ululygy bilen beýleki çagalardan tapawutlanmaýar. Emma fiziki taýdan ösüşiniň pesdigi sebäpli wagtyň geçmegi bilen kemçilikli taraplary bilinip başlaýar.Ýagny beden haýal ösýar. Down Sendromly erkek adamlar bu keselli aýal-gyzlara garanda köplenç önelgesizdirler. Bu keseliň öňüni alyp bolmaýar kä halatlarda ol  ölüme çenli hem dowam edip biler. Bu kesel bilen kesellän adamlara köp ideg etmeli we ruhy taýdan goldaw bermeli. Bu kesel 21-nji gen hromosomasy bilen baglanyşykly bolandygy sebäpli 2006-njy ýylyň 21-nji martryndan bäri “Halkara Down Sendrom güni” diýip bellenilip gelinýär. Bu keseliň döreýşi bejergi ýollary halkara derejesinde düýpli öwrenilýär.   

.

Söýünow Şyhmyrat,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Suraty: arzuw.news

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok