Reňkleriň täsin dünýäsi

  • Ätiýaçlandyryş gullugynyň berýän maglumatyna görä, geçirilen barlaglarda ak reňkdäki awtoulaglaryň ýol heläkçiliklerine uçrama ähtimallyklarynyň örän azdygy subut edildi. Häzirki wagtda ak reňkdäki awtoulaglar känbir meşhurlyga eýe däldigine garamazdan, bular sürüjilik işini howpsuz amala aşyrmaga ýardam berýär. Şol sebäpli, ak reňk asudalygyň we howpsuzlygyň nyşany hökmünde tanalýar.
  • Kebelekleriň müňlerçe linzalardan ybarat bolan iki sany çylşyrymly gözleriniň bar bolmagyna garamazdan, olar diňe gyzyl, ýaşyl we sary reňkleri tapawutlandyrmaga ukyplydyrlar.
  • Ýer togalagyndaky ilatyň diňe 2%-niň gözi tebigy halda ýaşyl.
  • Goňur reňkli bolup görünýän gözler aslynda gök reňkdedirler. Çünki olar melanin atly madda netijesinde goňur görünýärler.
  • Gyzyl, mämişi we sary reňkler adamyň işjeň duýgularyny we döredijilik ukyplaryny oýarýarlar.
  • Daş-töweregiň sary reňk bilen gurşalyp alynmagy ünsüňi jemlemeklige kömek edýär. Çünki, bu reňk ukyňy getirýän gormon bolan melatonin gormonynyň bölünip çykyşyny peseldýär.
  • Erkek adamlar, gyzyl reňkde geýinýän zenanlary has maýyl ediji hasaplaýarlar.

Laçyn Şamuhammedowa,
D.Azady adyndaky Türkmen milli
dünýä dilleri institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok