Gawun çigidiniň adam saglygyna peýdalary we ony durmuşda ulanmagyň ýollary

Bilşimiz ýaly 15.03.2021 senesinde mekdep okuwçylarynyň arasynda taslama bäsleşiginiň Döwlet tapgyry geçirildi. Ýaryşa gatnaşyjylar bäsleşigiň dowamynda öz zehin başarnyklaryny we öz oýlap tapyjylyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň jemi boýunça I oruny Türkmenbaşy şäheriniň 11-nji orta mekdebiniň 10-njy B synp okuwçysy Soltan Döwranow “Gawun çigidiniň adam saglygyna peýdalary we ony durmuşda ulanmagyň ýollary” atly ylmy taslamasy eýeledi.
Soltan Döwranowyň ylmy ýolbaşçysy Nury Halmanowyň habar bermegine görä ylmy taslamany diňe özleriniň barlaglarynyň esasynda däl-de Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň barlag labaratoriýasyndan hem-de saglygy goraşyň edaralarynyň barlaghanalarynda hem barlaglardan geçirildi we tassyklanyldy.
Dürli keseller üçin gawun çigidiniň adam bedenindäki täsiri:
-bagyrdan, içegelerden we aşgazan asty mäzlerinden toksinleri çykarmak ukybyna eýe bolmak;
-süýji keseliniň ýagdaýyny kadalaşdyrmak;
-aşgazan asty mäzlerinden toksinleri çykarmak;
-süýji keseliniň ýagdaýyny kadalaşdyrmak;
-öt ýollaryny arassalamak, holesistit bilen öt haltasynyň durgunlygyny aýyrmak;
-peşew kislotasyny aýyrmak, öt haltada we böwreklerde daşlaryň we gumlaryň döremeginiň öňüni almak;
-ünsüň konsentrasiýasyny ýokarlandyrmak, ýady gowulaşdyrmak;
-bedeni B witaminleri bilen doldurmak;
-erkekleriň güýjüni güýçlendirip kadalaşdyrmak, kuwwatyny ýokarlandyrmak;
-saçlary, dyrnaklary berkitmek; dermatitden dynmak;
-bronhit bilen tüýküligiň çykmagyny çaltlaşdyrmak;
-dermanlaryň bagyry bejermekde täsirini ýokarlandyrmak;
-bagyr öýjüklerinde ýagyň ýygnanmagyny haýallaşdyrmak, aterosklerozyň döremeginiň öňüni almak.
-gawun çigidinde 10 sany witamin bolup, olar foliý turşulygy ýa-da B9, A witamini, P witamini, C witamini, beta-karotin , B3, B6 we B witaminleriniň hemmesi diýen ýaly bar;
-karotin, natriý, magniý, kaliý, kalsiý, demir,sink, ýod, fosfor, selen, marganes, demir şeýle hem 10 sany peýdaly element bardyr;
-gawun çigidinde immuniteti ýokarlandyrýan, bedeniň garramagynyň öňüni alýan, ýürek-damar ulgamyny goldaýan we gan damarlaryny güýçlendirýän köp mukdarda antioksidantlar bar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok