Aşgabadyň häzirkizaman binagärlik keşbi – ajaýyp bir sungat eseri

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallarynyň esasynda Aşgabat, Merkezi Aziýanyň dünýä meşhur iň iri şäherleriniň birine öwrüldi. Milli Liderimiziň esaslandyran häzirki ajaýyp döwründe – 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda paýtagtymyzyň dünýäde durşy bilen ak mermere örtülen ýeke-täk şäher hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi hem, munuň aýdyň subutnamasydyr. Halkymyzyň göz guwanjyna öwrülen ak şäherimiz Aşgabadyň binagärlik keşbi hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ajaýyp bir sungat eserine öwrüldi. Mundan 140 ýyl ozal – 1981-nji ýylda Köpetdagyň eteginde, bagy-bossanlyga büräp oturan dag arçalarynyň we miweli agaçlarynyň alkymynda, ýurdumyzyň özboluşly bir tebigy gözellige eýe bolan künjeginde döredilen Aşgabat, bu günki gün milli Liderimiziň saýasynda dünýäniň iň iri işewürlik we parahatçylyk merkezleriniň birine öwrüldi. Paýtagtymyzda halk hojalygynyň dürli ugurlaryna degişli halkara ylmy-amaly maslahatlarynyň we medeni çäreleriniň, işewürlik forumlarynyň, halkara derejesindäki iri sport ýaryşlarynyň, dünýä çempionatlarynyň we beýleki ugurlardaky global bäsleşikleriniň ýylyň-ýylyna yzygiderli geçirilmeginiň özi hem, ak şäherimiz Aşgabadyň hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallarynyň esasynda bütindünýä ähmiýetli şähere öwrülendigini görkezýär.

Türkmen halkynyň göz guwanjyna, milli buýsanjyna öwrülen ak şäherimiz Aşgabadyň şu wagta çenli geçen 1,5 asyry golaýlaýan durmuş ýolunda – 140 ýaşynyň içinde iň ösen döwri mertebesi belent hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda esaslandyran Bagtyýarlyk döwrüdir. Bu ajaýyp döwürde özboluşly bir gözelligi bilen täsin bir sungat eserine öwrülen ak şäherimiz Aşgabadyň dünýä nusgalyk binagärlik keşbininiň esaslandyryjysy Gahryman Arkadagymyzdyr. Hut şu nukdaýnazardan-da, Türkmenistanyň Mejlisi 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda döwlet Baştutanymyza «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly ady dakdy.

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly» diýlip atlandyrylan şu ýylymyzyň 25-nji maýynda – Aşgabat şäheriniň gününde paýtagtymyzyň 140 ýyllyk ýubileýi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy bilen utgaşdyrylyp, örän giň möçberli baýramçylyk çärelerini öz içine alýan, diýseň uly dabaralar bilen bellenilip geçiler. Aşgabat şäheriniň gününde paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilýän giň möçberli baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen, ildeşlerimiziň hakydasyna bolsa milli buýsanç bilen ýazylar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Aşgabat özüniň 140 ýaşynyň taryhy ýazgysynda henize çenli görlüp-eşidilmedik ägirt uly ösüşleri başdan geçirdi. Hut şu nukdaýnazardan-da, milli Liderimiziň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda esaslandyran häzirki ajaýyp zamanasy – Bagtyýarlyk döwri Aşgabadyň gülläp ösen döwrüdir.

Laçyn BAÝRYÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyñ talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok