Türkmenistanyň Senagatçylar we telekiçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň guran sergisinde ,,Ynamdar’’ internet markedi hem işjeň gatnaşýar. Ynamdar – Türkmenistanda onlaýn market hyzmatyny hödürleýän öňdebaryjy platformalaryň biridir. Bu market 2019-njy ýyldan bäri halkymyza hyzmat edip gelýär. Häzirki wagtda 7 müňe golaý dürli görnüşli harytlary hödürleýär. Bu hususy kärhanada 70-den gowrak adam zähmet çekýär.
Esasy maksady hil taýdan elýeterli bahaly harytlary hödürlemek we alyjynyň gapysyna çenli harydy eltip bermek bolup durýar. Alyjylara eltip bermek hyzmaty mugt görnüşinde bolup, alýan harytlary 100 manada çenli söwda guramak şerti bilen alýarlar. Şol bir wagtyň özünde , hasaplaşyk işlerini nagt we nagt däl görnüşinde geçirilýär. Änew, Büzmeýin, Aşgabat şäheri aralykda harytlary eltip bermek hyzmatyny ýerine ýetirýärler. Gysga wagtda bolsa ýurdumyzyň beýleki welaýat merkezlerine hem hyzmat etmegi meýilleşdirýärler. Aýda birnäçe gezek aksiýalary geçirip , sowgatly günleri guraýarlar.Geljekde harytlaryň görnüşlerini hasda köpeltmek we beýleki kiçi telekeçiler bilen goşulyp, kärhanany bilelikde alyp barmagy göz öňüne tutýarlar.
ANNAMYRADOWA Enegül
Türkmenistanyň Daşary işler ministirliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby
Teswirler