“Talhan” elliden gowrak görnüş çörek önümleri öndürýär

       Söwda-senagat edarasynda TürkmenistanyňSenagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli guralan sergä gatnaşan ýurdumyzyň “Talhan” hususy kärhanasynyň döreýişi we öndürýän önümi bilen gyzyklanamyzda onuň hünärmeni şeýle gürrüň berdi:

           – Bugdaýyň sümmüllerine talhan diýlip atlandyrylmagy sebäpli, kärhanamyzy “Talhan” diýip atlandyrdyk. Ýagny biz alyjylarymyzyň hakyky çöregiň tagamyndan lezzet almaklary üçin tagalla edýäris.”Talhan” çörek we konditer kärhanasynyň öndürýän önümi ýokary tehnologik taýdan çalt ösýän önümçilikdir.

          – Çörek we  konditer önümleri öndürýän sehi 2017-nji ýylyň awпust aýynda açyldy. Aşgabat şäherinde geçirilen ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V-nji Aziýa oýunlarynyň öň ýanynda  önümçilik ulanylmaga berildi hem-de oýuna gelen türgenleri, myhmanlari çörek we bulka önümleri bilen üpjün etmeklige ýaram berdi. Bu kärhana Fransiýadan, Beýik Britaniýadan we Germaniýadan gelen halkara maslahat beriji hünärmenler tarapyndan ýokary takyklyk bilen düzülip işe girizildi.

          – Häzirki wagtda sehde 50-den gowrak çörek önümleri öndürilýär. Olardan: çowdary çöregi, dünýä tagamly çörek, öý çöregi,  baton, bagety, myssyjak önüm, köke, gatlakly önümler we başga-da önümleri öndürýäris. Ähli öndürilýän önümler nemes we fransuz tehnologlary tarapyndan taýýarlanyş usuly işlenip düzüldi.

          – Şu günki günde “Talhanyň”  öndürýän çörek we bulka önümlerinde biziň ýüregimizin ýylylyk energiýasynyň bir bölejigini özünde jemleýär. Biz size we ähli isleg bildiren raýatlara çörek önümlerini bişirmek baradaky däp-dessurlary gürrün berip, çörege bolan söýgimizi deň paýlaşmaga çagyrýarys we teklipleriňize garaşýarys!

Söhbetdeşligi taýýarlan:
GELDIÝEWA Ogulşat
 HGI-niň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok