Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 13 ýyllygyna bagyşlanan sergi 2021-nji ýylyň 23-nji martyna çenli dowam eder.
Häzirki döwürde ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri çykarmak, ýurdumyzda haryt hem-de azyk bolçulygyny döretmek boýunça wezipeleri çözmekde telekeçilige möhüm orun degişlidir. Türkmen telekeçileri we hususy kärhanalar içerki alyjylaryň isleglerini kanagatlandyryp, eksport ugurly önümleri öndürmek babatda uly tejribe topladylar. Häzir Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary halkara derejesindäki çärelere işjeň gatnaşýarlar, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklary ýola goýýarlar. Munuň özi ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň giňelmegine ýardam edýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň paýtagtymyzda her ýyl guralýan sergisi milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamynyň gazanan üstünlikleriniň, kuwwatynyň hem-de mümkinçilikleriniň gözden geçirilişi bolup durýar. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň maslahaty hem guralýar. Mundan başga-da, türkmen işewürleri ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän dürli pudaklaýyn we işewürler forumlaryna yzygiderli gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde türkmen hususy kärhanalarynyň sergisi geçirilýär.
Bu sergä TSTB-niň 170 sany agzasy gatnaşýar. Olaryň içinde oba hojalygy, senagat önümçiligi, gurluşyk, gurluşyk materiallarynyň we elektro-enjamlaryň önümçiligi, söwda, syýahat, bilim, hyzmatlar, ulag we logistika ulgamyna, halk senetçiligine we beýlekilere ýöriteleşdirilen düzüm bölekleri we welaýat bölümleri, hususy kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri häzirki wagtda üstünlikli işleýärler.
Şeýle-de TSTB-nyň sanly ykdysadyýet, öňdebaryjy ýokary tehnologiýa ýaly möhüm ugurlar boýunça işleýän agzalary öz taýýarlan işlerini görkezýärler.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan «Täjir ýyldyzy», «Mähirli zenan», «Täç hil», «Şa tumar», «Geljege miras», «Arma», «Begler ýoly», «Çigildem», «Polat Dokma we söwda» hususy kärhanalary, «Elin balyk», «Ýedidogan Nur», «Türkmen Senet» hojalyk jemgyýetleri we «Dalçyn», «Päk Nesil» okuw merkezleri we beýlekiler öz öndürýän harytlary bilen sergide çykyş etdiler.
Ýurdumyzyň senagat ulgamynda uly tejribe toplan hususy kärhanalar, telekeçiler öndürýän gurluşyk serişdeleri, beýleki dürli görnüşli önümleri bilen dünýä bazaryna üstünlikli çykýarlar. Bu önümleriň hatarynda turbalary, kerpiçleri, demirbeton gurluşlaryny, gidrogorag serişdelerini, ýuwlan çägäni, keramziti, dürli boýaglary, elektrik kabellerini, bezeg daşlaryny we kafelleri, gury gurluşyk garyndylaryny, akkumulýatorlary we beýleki önümleri belläp bolar.
Ýurdumyzyň mebel önümçiliginde dürli görnüşdäki mebelleri öndürýän kärhanalaryň sany hem barha artýar. «Çigildem» fabriginiň mebelleri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň daşynda hem bellidir. Bu hususy kärhana dürli görnüşli mebelleri, gapy, penjire önümçiligi bilen giňden tanalýar. Mundan başga hem «Aýbölek», «Abraýly önüm», «Sary agaç» hususy kärhanalary hem dürli görnüşli mebelleri öndürýärler. «Durmuş dowamy» hususy kärhanasy çagalar üçin örän oňaýly we ekologiýa taýdan arassa mebelleri öndürýär.
Obasenagat toplumynyň hatarynda guşçulyk, maldarçylyk we balykçylyk, gök we bakja önümlerini we miweleri gaýtadan işleýiş toplumlary girýär. Bulara degişli “Ezber daýhan”, “Kanagatly Nesil” hususy kärhanalary we “Elin balyk”, “Ter” hojalyk jemgyýetleri sergide öz önümlerini hödürlediler.
Hususy ulgamy ösdürmek boýunça toplumlaýyn maksatnamalaryň amala aşyrylmagy netijesinde tutuş ýurdumyzda häzirki zaman önümçilikleri döredildi we olar üstünlikli işleýär. Bu kärhanalarda öndürilýän köp görnüşli ýokary hilli önümler diňe bir içerki bazarda däl-de, eýsem, daşary ýurtlarda-da uly islegden peýdalanýar.
Telekeçiler daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi giňeltmäge hem-de ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümçiligi ösdürmäge uly goşant goşýarlar.
Gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň telekeçilik ulgamy uly özgertmelere we ösüşlere eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara söwda ulgamyndaky we harytlary ýerlemek babatyndaky iň gowy tejribeleri öwrenip, daşarky bazarlardaky islegi öwrenmegiň möhümdigini nygtap, orta we kiçi telekeçilige giň goldaw bermek syýasatyny üstünlikli amala aşyrýar.
Bilbil BERDIÝEWA
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara Gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-njy ýyl talyby
Teswirler